Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 4.Zyna

Uly günäleriň biri-de zynadyr. Zyna - munuň özi aralarynda ylalaşyk esasynda maşgala gurmadyk, nika gyýylmadyk adamlaryň jynsy gatnaşyga girmeleridir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Zyna ýakynlaşmaň. Sebäbi, onuň haýasyzlykdygyna we ýaramaz ýoldugyna asla şübhe ýokdur.”( Isra, 32)Pygamberimiz-de:

“Musulmanlary Allatagaladan başga hemaýat berip, penasynda saklaýan başga hiç kim ýokdur. Şonuň üçin Allatagala açyk we gizlin ýagdaýdaky zynany haram edendir” (Buhary, Müslim, Tewbe, 7) diýip belläpdir.  Zynanyň ahlak, sosial, hukuky we saglyk babatdan hem gaty köp zyýanlary bardyr.  Jemgyýetleriň özeni maşgaladyr. Sagdyn nesil bu ojakda ýetişýär. Perzent öziniň fiziki taýdan ösüşini-de, ahlak, edep-terbiýsini-de ilkinji nobatda şu ýerden, ýagny maşgaladan alýar. Adamzat söýgüsiniň esasy çeşmesi maşgaladyr. Bu ojak üçin iň aýylganç howp zynadyr. Zyna her bir zatdan öň maşgalanyň düzüm-durkuna ýaramaz täsir eder. Gurulan maşgalanyň uguny ýekeläp, onuň öýüniň ýykylmagyna sebäp bolar.  Zyna adamyň saglygy üçin-de gaty zyýanlydyr. Köp sanly jynsy hassalyklaryň çeşmesiniň zynadan ýüze çykýandygy lukmançylykda anyklanandyr. Hatda häzirki wagtda adam saglyna howp salýan spit hassalygy-da köplenç halatlarda jyns organlarynyň üsti bilen biri-birine ýokaşýandyr.  Zynanyň ýaýran jemgyýetlerinde ölüm wakalarynyň köpeljekdigini habar beren pygamberimiz bu meselä ýörite ünsümizi çekipdir (Et-Tergib wet-Terhib, j.3, s.286).  Zyna bilen ene düwünçegine düşen çagalaryň köplenç dogmagynyň öňi alnar. Doganlar bolsa ortada galyp, haly harap bolar. Ene-ata mährinden mahrum galar. Çagasyna yzygiderli mähir we söýgi bilen garajak enäniň çagany terk etmeklige süýreýän hem bu ýüz gyzardyjy ýaramazlygyň netijesidir. Şeýlelikde, zyna adamy iň uly häsiýetli aýratynlygyndan söýgüden we mähirlilik duýgusyndan aýryp, hor-homsy ýagdaýda taşlaýar. Şonuň üçin dinimiz bir zenana bilen bir erkegiň ýalňyz bir ýerde başa-baş galmaklaryndan saklanmagyny maslahat beripdir. Ýagdaýy, şerti we mümkinçiligi bolanlaryň derrew öýlenmeklerini salgy beripdir, öýlenmekligiň ýerliksiz çykdajylar bilen kynlaşdyrylmazlygyny nesihat edipdir. Dinimiz çaga eýe bolmaklygyň, käbir adamlaryň düşünişi ýaly, adamy garyp düşürmejegini, gaýtam tersine, öýli-işikli bolanlaryň garyp düşenlerini Allatagalanyň barly etjekdigini habar beripdir. Özüni haramdan goramak maksady bilen öýlenmek isleýänlere hemaýat etmekligi maslahat beripdir. Medineden gelip Mekgäniň kenarynda Akabe diýilýän ýerde pygamberimiz bilen duşuşan we ony diňläninden soňra musulman bolmak islänlere pygamberimiz:                       

     “Allatagala şärik goşmazlyk, ogrulyk etmezlik, zyna etmezlik, çagalary öldürmezlik, ýasama ýollar bilen töhmet etmezlik, dogry işe garşy çykmazlyk üçin maňa ynanyň we meniň golastyma giriň” (Buhary, Iman, 11) diýipdir. Netije hökmünde aýtsak, zyna uly günädir. Kämil iman bilen bir ýere sygyşmaz. Bu barada pygamberimiz:

“Zyna eden adam zyna eden wagty hakyky we kämil musulman bolan halatynda zyna etmez.”(Buhary, Eşribe, 1)diýip belläpdir.