Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Diş goýdurmak

Sogrulan bir dişiň ýerine täze diş goýdurmak üçin, çüýrän dişleriň içini doldurtmak üçin ýa-da gaplatmak üçin päsgelçilik ýokdur. Bularyň eltäretine ýa-da boýtäretine zyýany ýokdur. Ýöne çykarylyp dakylýan dişleriň boýtäretinde çykarylyp, aşaklarynyň ýuwulmagy zerurdyr. Çünki boýtäretinde agzy ýuwmak parzdyr. Şoňa görä eltäretini alan wagtyňda oturtma dişleriň çykarylmagy hökman däldir, arassaçylyk babatdan çykarylyp, agzyň ýuwulmagy ýerlikli bolar. Erkekleriň altyn ulanmaklygy ýerliksiz hasap edilýär, şoňa görä olaryň altyn diş goýdurmaklygy ýa-da gaplatdyrmagy ymam Agzama görä mekrudyr. Ymam Muhammede görä bolsa, zerurýet üçin esasy bar bolsa, onda ýerliklidir.