Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » KARZ: KARZ ALMA WE KARZ BERME

Karz – puly ýa-da bir zady öwezine alyp, ony soňra bolşy ýaly görnüşde yzyna gaýtaryp bermekdir. Aýatlarda we hadyslarda “borç alyp berme” görnüşinde beýan edilipdir. “Bakara” süresiniň 245-nji, “Maide” süresiniň 12-nji, “Müminun” süresiniň 20-nji, “Hadyd” süresiniň 11-nji we 18-nji, “Tegabun” süresiniň 17-nji aýatlarynda “öwezine borç bermek” (karz-y hasen) durnukly aňlatmasy duş gelýär. Esasanam “Bakara” süresiniň 282-nji aýatynda karz alyp bermekde üns berilmeli düzgünler hakynda ýörite düşündiriş berlipdir. Pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Bir musulmana bir zady iki gezek karz hökmünde beren adam şol zady bir gezek sadaka beren ýaly sogap gazanar.”(Ibn Maje, Sadakat, 19)

 “Magraç etdirilen gijäm jennetiň gapysynyň üstünde “Sadaka on esse sogaba deňdir. Karz bolsa on sekiz esse sogaba deňdir” diýen ýazgyny gözüm bilen gördüm. Şonda men Jebraýyldan: “Karz bermekligiň sadaka bermekden has ýokarda tutulmagynyň sebäbi näme?”- diýip soradym. Onda Jebraýyl: “Sebäbi, dilegçi gören we ýanyňda bolan ýagdaýyňda dilenýär. Karz isleýän adam welin diňe mätäç bolandygy üçin borç soraýar” (Ibn Maje, Sadakat, 19.) diýdi. Mätäç bolan bir adamyň borç soramagy ýerliklidir, mätäç bolana karz bermekde peýdalydyr, haýyrly işdir, hatda sadaka beren mysaly sogaby bardyr.  Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Kimde kim bir musulmanyň kynçylyklarynyň biri kanagatlandyryp, ony arkaýynlaşdyrsa, Allatagalada kyýamat güni şol ýagşylygy üçin oňa degişli azaplaryň birinden halas eder.

Kimde kim eli gysga bolan bir borçly adama ýeňillik döredip, hemaýat etse, Allatagala-da oňa oňa bu dünýäde hem-de ahyretde ýeňillik döreder. Kimde kim bir musulmanyň aýbyny ýapsa, onda Allatagala-da onuň ahyretde aýbyny ýapjakdyr. Bir adam öz dindeş doganyna kömek berse, onda Allatagalada oňa kömek berjekdir.”(Müslim, Zikr, 38.)

Karz alnyp-berilýän zatlar (mallar)

Karz alyp bermek ölçeg bilen hem-de çeküw bilen baglanyşykly bolan birmeňzeş zatlardan bolýar. Meňzeşi bolmaýan hem-de daşamak mümkin bolmaýan zatlarda, biri-birinden tapawudy bolan harytlarda karz ýerlikli hasap edilmeýär. Olar amanat bolup, meňzeşini däl hut özüni gaýtaryp bermek zerurdyr. Karz beren adam muny Allatagalanyň razylygy üçin etmelidir, ony bir zadyň ýerine diýip düşünmeli däldir. Karz berene beren karzy üçin nepil bir zat bermek ýaly bähbit haramdyr, çünki bu nepil salgyt bolar. Mysal üçin, “saňa şunça karz bereýin, sen karzy üzýänçäň, seniň öýüňde mugt ýaşaýyn” mysaly ýa-da “saňa ýüz manat karz bereýin, sen maňa soňra ýüz on manat edip gaýtaryp ber” ýaly. Şunuň ýaly bähbit aralyp berlen karz halal däldir. Aslynda karz berlen wagtynda beýle şert goýulmasa we şol etrapda şeýle däpdir düzgün bolmasa, bergidar şol zatlaryň oňat hillisini berip biler, ony karz bereniň almagynda-da päsgelçilik ýokdur. Bu ýagşylyga ýagşylykdyr. Ýöne taraplaryň ikiside muny şert etmeli däldir. Bu hakynda pygamberimiz: 

“Allatagalanyň gullarynyň iň haýyrlysy we peýdalysy karzyny oňat nusgalar bilen töleýänlerdir” (Müslim, Müsakat, 22.) diýip belläpdir.  Jabyr (r.a.) hem:

“Pygamberimizde algym bardy, ony maňa töledi we köpräkde eçildi”(Hadys-y Buhary, Müslim rowaýat edipdir: Neýlül-Ewtar, j.5, s. 261.) diýipdir. Karz alnan we gymmaty bolan kagyz puluň wagtyň geçmegi bilen gymmaty ýokary galsa ýa-da pese düşse, Ebu Hanifä görä öňküsini tölemek ýeterlik bolar. Ymam Ebu Ýusufa görä bolsa, karz berlen wagtdaky gymmatynyň tölenmegi zerurdyr.(Reddul-Muhtar, j.4, s.32-33.)

Häzirki wagtda käbir ýurtlarda pul haryda görä öz gymmatyny ýitirýär we günsaýyn satyn alma güýji azalýar. Şol sebäpli bir adama ýüz manat görnüşinde karz beren pulumyzy bir ýyl geçenden soňra tölejek bolsa we bu bir ýylyň içinde şol pul kyrk göterim gymmatyny ýitirse, karz beren ýüz manadymyzy satyn alma güýjüni kyrk göterim pese gaçan görnüşinde yzyna gaýtaryp alýarys we zyýana galýarys. Aslynda dinimizde başga birine zyýan bermek we başgasy sebäpli zyýan çekmek düşünjesi ýokdur. Şoňa görä, hem karz alyp-berme işini aňsatlaşdyrmak hem-de karz berip ýagşylyk edeniň zyýan görmezligi üçin ymam Ebu Ýusufyň öňe süren garaýşyndan ugur alyp, karz berlende onuň alnan wagtyndaky gymmatynyň hasabyna görä hereket edilip, ylalaşylmagy ýerliklidir.