Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Öz öňümizdäki wezipelerimiz

Musulman Alla, pygambere we Gurhana bolan jogapkärçilikli wezipelerini berjaý etmek bilen bir hatarda, onuň ahlaky wezipelerini-de berjaý etmegi hökmandyr.
Bulary diňe bedeni we ruhy taýdan sagdyn bolan adam ýerine ýetirip biler. Şonuň üçin, adamyň turuwbaşdan öz öňündäki wezipesini, borjyny berjaý etmegi zerurdyr.
Adam bedenden we ruhdan emele gelen barlykdyr. Maddy barlygymyz bolan bedenimiz bilen baglanyşykly wezipelerimiziň bolşy ýaly, duýgy-düşünje babatdan barlygymyz bolan ruhumyz bilen baglanyşykly wezipelerimiz bardyr. Bularyň biri ahmal edilen halatynda, beden bilen ruh arasyndaky sazlaşyk bozular. Şunuň ýaly ýagdaýda adamyň durmuşdan lezzet alyp bilmeýşi ýaly, boýnunyň borjy bolan ybadatlaryny hem düzgüne laýyk berjaý edip bilmez.
Şonuň üçin, öňi bilen, özümiz bilen baglanyşykly wezipelerimizi oňat bilmegimiz hökmanydyr. Özümiz bilen baglanyşykly bolan wezipelerimiz iki topara bölünýär: bedeni we ruhy wezipelerimiz.