Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Salamlaşmak

Salamlaşmak munuň özi musulmanlaryň arasynda söýga we dostluga serişde bolan ajaýyp dessurdyr. Salam bermek sünnet, berlen salamy almak bolsa parzdyr. Şol bir wagtyň özünde-de salam Allatagalanyň atlarynyň biridir. Allatagala mukaddes Gurhanyň on iki ýerinde musulmanlara salam beripdir.
Salam her hili ýaramazlyklardan, apatlardan, bela-beterlerden uzak bolmak manysyndadyr. Netijede, salam beren adam din doganynyň apat we ýaramazlyklaryndan uzak bolmagyny islän hem-de onuň ýagşylygy üçin doga eden diýmekdir.
Salamlaşma hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:
 “Salam bilen garşylanan wagtyňyz siz-de oňat görnüşde salam bilen jogap beriň ýa-da şol şekilde salam beriň.”(Nisa, 86.)
Hormatly pygamberimize bir adam:
-    “Eý Resulalla! Yslamyň haýsy ybadaty has haýyrlydyr?” diýip soran.
Oňa pygamberimiz şeýle jogap beripdir:
-    “Birine hödür-kerem edip, nahar iýdirmegiň hem-de tanyşdyr nätanyşa salam bermekligiňdir.”(Buhary, Iman, 20; Müslim, Iman, 14; Ebu Dawud, Edeb, 142.)
Salamlaşmak musulmanlaryň arasyndaky söýgini has artdyrar, doganlyk-dostluk duýgularynyň güýçlenmegine aragatnaşyk serişdesi bolar.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
 “Iman etmedigiňizçe, jennete girmersiňiz, biri-biriňizi söýmedigiňizçe, hormat goýmadygyňyzça, iman eden hasaplanmarsyňyz.
Size berjaý eden wagtyňyz bir-biriňizi söýjek zadyňyzy aýdaýynmy?
Onda oňat diňläň: Özaraňyzda salamlaşmagy giňden ýaýradyň.”(Müslim, Iman, 22; Tirmizi, Istizan, 1; Ebu Dawud, Edeb, 142.)
Salamyň nusgasy: “Essalamualeýküm” sözüdir. Öň salam beren bu aýtgyny aýdar. “Salamunaleýkim” görnüşde-de aýtmak bolýar. Salam almaklygyň nusgasy bolsa “Waleýkimessalamdyr”. Bu nusgada “wa” harpy düşürilip, “Aleýkimessalam” görnüşinde-de aýdylyp bilner. Berlen salamy “waleýkimessalam we rahmetüllahi we berekatüh” görnüşinde almak has-da oňat nusgasydyr.
Salam bereniň-de “Essalamualeýkim we rahmetüllahi we berekatüh” görnüşinde salam bermesi has ýerlikli hasap edilýär. Muňa “waleýkimessalam we rahmetüllahi we berekatüh” diýip jogap bermek dogry bolar.
Salam berlende, salam berlen kişä hiç hili görnüşde azar bermezlik we ony rahatsyz etmezlik niýeti bilen salam berler. Şeýlelikde, salamlaşma salam bereniň we salam alanyň biri-birlerine ýagşy duýgularyny beýan edip, ikitaraplaýyn ynamdarlyga sebäp bolar. Salama şol birmeňzeşlikde jogap berilmelidir.
Salam bermegiň edebi:
Ýaş kiçi ýaşula, Ulagly pyýada,
Yzdan gelýän öňden gidýäne, Azlyk köplüge salam bererler.
Ýaşy uly bolsun, kiçi bolsun, sany az bolsun ýa-da köp bolsun, tapawudy ýok, bir ýerden gelen oturana salam berer.
Bir köpçülige salam berlende, köpçülikden biriniň salam almagy bilen beýlekileriň salam almagy olaryň üstünden aýrylýar. Hiç biri salam almadyk ýagdaýynda, köpçülik tutuşlygyna oňa jogapkär hasaplanýar.
Salam beren köpçülik bolsa, onda olaryň diňe biriniň salam bermegi bilen sünnet berjaý edilen hasaplanylýar, beýlekileriň salam bermegi hökman däldir. Başgaça aýdylanda, köpçülikdäki bir adamyň salam ber megi beýlekilerden jogapkärçiligi aýryşy ýaly, köpçülikdäki bir adamyň salamy almagy-da beýlekilerden şol jogapkärçiligi aýyrýandyr. Şeýlelikde, musulman salam bermek bilen din doganyna sarpa goýýar.
Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Allatagalanyň huzurynda adamlaryň iň oňat diýlip kabul edileni ilki bolup salam berenlerdir.” (Ebu Dawud, Edeb, 144)
Başga bir adamdan salam getirip gowşurana: “Waleýkimessalam” diýip jogap berilýär.
Bir salamnama bilen ýazylan salama ýa ýazuw üsti bilen ýa-da söz üsti bilen jogap berler. Bir adam birine “Pylana menden salam aýt” diýse, muny gowşurmagy boýnuna alan adamyň borjuny ýerine salmagy zerurdyr. Çünki, boýnuna alan jogapkärçiligi amanatdyr. Öz öýüne giren-de öz maşgalasyna salam berer. Hezreti Enes şeýle diýýär, pyagmberimiz maňa:  “Oglum, maşgalaňa baranyňda-da salam bergin, saňa we öýdäkilere bereket gelsin.” (Tirmizi, Istizan, 10)
Başga bir öýe girilende-de salam berler. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:
 “Eý, iman edenler! Öz öýüňizden başga öýlere, rugsat almazdan, öý eýelerine salam bermezden girmäň. Eger, oňat oýlanyp görseňiz, bu siz üçin has haýyrlydyr.”(Nur, 27)
Başga biriniň öýüne barlanda, öňi bilen öýe girmek üçin rugsat soralar, soňra salam berler, soňra-da gepleşige başlanar.
Nazma okaýana, uklaýana we hajathanadaka salam berilmeýär. Azan okalýarka, salam bermekligiň mekru bolşy ýaly, Gurhan okaýana we okalýan Gurhany diňleýänlere-de salam berilmeýär.
Ýöne azan we Gurhan okalýan döwründe salam berenleriň salamy alnar. Hutba diňleýäne-de salam berilmeýär. Nahar iýilýän döwründe agzynda lukma bar bolan adama-da salam berilmeýär. Bir metjitde jemagatyň bir bölegi namaz okaýarka, beýleki bölegi-de okamaýan bolsa, metjide giren adam namaz okamaýanlara salam berip biler, salam bermese-de, sünneti goýbolsun eden hasaplanylmaýar.