Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Haramyň görnüşleri

Asly haram bolan zada “haram liaýnihi” diýilýär. Doňuz eti we şerap ýaly. Asly halal bolup, ýöne hiline, görnüşine görä haram bolan zada-da “haram ligaýrihi” diýilýär. Ogurlyk mal ýaly. Mysal üçin, ogurlanan bir goýun ýa-da çörek aslynda halaldyr. Ýöne başgasyna degişli bolandygy sebäpli, eýesiniň rugsady bolmazdan, ogurlanyp alnandygy üçin haramdyr. Zatlary halal we haram eden Alladyr Her bir zady halal eden-de, haram eden-de Alladyr. Ol hiç kime bir zady haram etmeklige hak beren däldir. Meseläniň ähmiýeti esasynda yslam alymlary haram bolandygy barada anyk delil bolmaýan hiç bir zada haram diýen däldirler, “ýagşy däl”, “gowy däl”, “gelşiksiz” ýaly sözleri ulanandyrlar. Çünki Allatagala şeýle diýipdir:

“Şeýle diý: Allanyň gullary üçin çykaran (ýaradan) bezegi we ajaýyp nygmatlaryny kim haram etdi? Şonda şeýle diý: Olar bu dünýä ýaşaýşyna ynananlaryňkydyr. Kyýamat gününde bolsa diňe musulmanlaryňkydyr. Ynha, bilenler üçin aýatlary şeýle düşündirýäris.”( Araf, 32.)

“Şeýle diý: Allanyň size eçilen ryzkdan bir bölegini halal, bir bölegini-de haram edendigini göreňzokmy? Şeýle diý: Alla size rugsat berdimi, ýogsa siz Allatagala töhmet atýarsyňyzmy?”(Ýunus, 59.)