Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Mallaryň iýilmeýän organlary

Goýun we sygyr ýaly eti iýilýän haýwanlaryň iýilmeýän organlary şulardyr: akan gany, siýdik torbasy, artbujagy, inekleri, öt haltasy we şuňa meňzeşler. Usulyna görä soýlan towugyň ýeleklerini ýolmak üçin içgoşy çykarylmazdan gaýnag suwa atylan wagty suw etiň içine baryp ýetjek derejede suwda galsa, onda ol arassa däldir. Eger suw gaýnag bolmadyk ýagdaýynda däl bolsa, gaýnag suw deriniň ýüzüne baryp ýelekleri aňsatlyk bilen ütüljek çemesi az wagtlyk goýulsa, towuk eti üç gezek ýuwulmak bilen arassa bolar. Çöp-çör (Bu ýerde hapa zat iýen manyda bolmagy mümkin. Bellik nejatdin.de) iýen haýwanlaryň süýtlerini içmek we etlerini iýmek mekrudyr. Bu ýagdaýda bolan towuk üç gün, goýun we geçi dört gün, sygyr we düýe bolsa on gün gözegçilikde bakylsa, onda ýaramazlyk öz-özünden galar.