Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Pygamberleriň habar beren dinlerinde umumy esaslar

Hz. Adamdan başlap, soňky pygamber Hz. Muhammede (s.a.s.) çenli gelip geçen bütin pygamberleriň jar edip, habar beren dini Biribarlyk dinidir (Tewhid dinidir). Biribarlyk dininde bir topar esaslar bolup, olar hiçbir pygamberlerde üýtgedilmedikdir. Olar ýokarda agzalyp geçen imanyň 6 sany esasydyr.  Bütin pygamberleriň jar edip, habar beren dininiň ruhy sütüni we maksady: dini goramak, nebsi goramak, akyly goramak, nesli goramak we maly goramakdyr. Ýöne maksat bu bäş sany (din, nebis, akyl, nesil, mal) esasy goramak bilen birlikde, ybadatlaryň görnüşleri, halal we haram bilen baglanyşykly käbir düzgünler ähli pygamberlerde birmeňzeş bolman, adamzadyň kämilleşmegine hem-de wagtyň zerurlygyna laýyklykda özgeripdir.