Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Eşari mezhebi

Eşari mezhebiniň ymamy Ebul-Hasan Aly el-Eşaridir. Hijri 260-njy (M.873) ýylda Basrada doglup, 324-nji (M.936) ýylda Bagdatda aradan çykypdyr. Mutezile danalaryndan bolan Ebu Aly el-Jübaýynyň talyby bolan el-Eşari gören bir düýşi netijesinde Mutezileden aýrylyp Ehl-i Sünnete goşulypdyr. Ondan soňra ömrüniň baryny Ehl-i Sünnete hyzmat edip geçiripdir.

Ehl-i Sünnete wekilçilik eden bu iki messep aslynda birmeňzeş bolup, käbir meselelerde tapawutly garaýyşlary bardyr. Mäliki we Şafii bolanlar ynançda Eşaridirler.