Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Hasabat

Adamlar magşar ýerinde uzak wagtlap galjaklardyr hem-de sabyrsyzlyk bilen, hatda howlukmaçlyk bilen öz hasabatynyň başlanmagyna garaşjakdyrlar. Ahyr soňy pygamberimiziň Allatagala ýalbarmagy bilen hasabat başlanjakdyr. Hiç kimiň hak-hukugy ýatdan çykaryljak däldir we hiç kime-de nähaklyk ediljek däldir. Pygamberimiz şol gün “Adam öz ömrüni nähili ýola sarp edendigi, öz bedenini, tenini nirede ýadadandygy, malyny nireden gazanyp, nirä harjandygy, bilim bilen näme amal edendigi hakynda soraga çekilmezden, ýerinden hiçbir ýana aýrylmajakdygyny”(Tirmizi, Kyýame, 1) habar berip duýdurypdyr.

Mizan: Hasabat diňlenip, aljak haklary berleninden soňra, her kime dünýäde eden ýagşylyklarydyr ýamanlyklaryny habar bermek üçin mizan, nähili boljakdygy Alla tarapyndan bilinen bir terezi gurular. Bu ýerde adamyň eden ýagşylyklary we ýamanlyklary şol tereziniň kömegi bilen ölçeler. Ýagşylyklary agyr gelenler halas bolarlar, ýamanlyklary agyr çykanlar bolsa perişan bolarlar. Bu hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýlip bellenilipdir:

“Şol gün kimiň çeküwleri agyr gelse,ynha ol hoşnut ediji bir ýaşaýşa eýe bolar. Agramy ýeňil bolana bolsa, enesi (ene topragy) Hawiýedir. Bu Hawiýe diýilýäniň niredigini bilýärmiň? Ýanyp duran ot.”( Karia: 6-11) 

Syrat: Syrat jähennemiň üstünde gurlan gyldan inçe, gylyçdan ýiti bolan bir köprüdir. Bu köprüden nähili geçiljek? Hawa, musulmanlar köprüden geçenlerin-de köpri olara ýerine ýetiren amallary boýunça giňeljekdir we arkaýyn görnüşde geçjekdirler. Ynanmaýanlar bolsa köprüden geçmejekdir we jähenneme düşjekdirler.