Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » IMAN

Imanyň sözlükdäki manysy tassyk etmek, haýsy hem bolsa bir zada anyk görnüşde ynanmakdyr.

Dini adalga görnüşindäki manysy bolsa pygamberimiziň Alla tarapyndan habar beren anyk görnüşinde bilinýän zatlaryň dogrudygyna tüýs ýüregiň bilen ynanmakdyr.

Iman bütewileýin (ijmali) we bölekleýin (tafsili) bolup, esasy iki sa-ny topara bölünýär:

a.Bütewileýin iman (Ijmali iman):Iman ediljek zatlara gysgaça we bütewileýin ynanmakdyr. “Biribarlyk andyny”(Kelime-i Tewhid) ýa-da “Şaýatlyk andyny” (Kelime-i Şehadet) dili bilen aýdyp, oňa ýüregi bilen ynansa ,ol gysgaça we bitewileýin iman eden hasaplanylýar. 

b.Bölekleýin iman (Tafsili iman):Bu hem iman ediljek zatlaryň her birine aýry-aýry (bölek-bölek) ynanmakdyr. Alla, perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, ölenden soň direlmege, jennete, jähenneme, ýazgyt we takdyra aýry-aýry ynanmak bu bölüme girer.

Imanda esas, düýp zat ony tüýs ýürekden tassyk etmekdir. Bir adam Allany we onuň pygamberiň araçylygy bilen iberen zatlaryny ýüregi bilen tassyk edip, onuň dogrudygyna ynansa, ol adam musulman bolar. Dil bilen ykrar etmek bolsa onuň musulmandygynyň ynsanlar tarapyndan bilinmegi we adamlaryň onuň ynanandygyna şaýatlyk etmekleri üçin zerurdyr. “İman – dil bilen ykrar, ýürek bilen tassykdyr” diýen dana söz hut şunuň üçin aýdylypdyr. Ýogsa ýüreginden tassyk eden adam Allanyň huzurynda musulmandyr.

 Şeýle bolýan bolsa onda imanyň merkezi sütüni oňa tüýs ýüregiň bilen ynanmakdyr. Şoňa görä, ýüreginde haýsy hem bolsa bir şübhe ya-da ikirjiňlenme bolan adam “Şaýatlyk andyny” (Kelime-i Şehadet) aýtsa-da, ol Allanyň huzurynda musulman däldir. 

Şeýle hem iman bir bütewi bolup, ol bölünmekligi kabul etmeýär. Gysgaçasy, ynanylmagy zerur bolan zatlaryň bir bölegine ynanyp, beýleki bir bölegine-de ynanmazlyk asla bolmaz, hemmesine hökman ynanmalydyr.