Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Wahyýnyň manysy we görnüşleri

Dilçilere görä, wahyý gizlin we çalt söz, habar, yşarat we ylham diýen manylary aňladýar.  Wahyýnyň dini adalga görnüşindäki manysy: Allanyň pygamberlerine bolan dilegini adatdan daşary aýratyn bir görnüşde beýan etmegidir, habar bermegidir. Mukaddes Gurhanda (Şura, 42/51) wahyýnyň görnüşlerinden şu üçüsi beýan edilendir:

a. Alla dileglerini dilän gulunyň gursagyna gönüden-göni çalt bir görnüşde ýerleşdirer. Muňa “Wahý-i Hafi – gizlin wahyý” ýa-da “ Wahý-i Gaýr-y Metluww – söz görnüşinde okalmaýan wahyý” diýilýär. Pygamberimiziň mukaddes Gurhandan başga “Allatagala şeýle buýruk berýär” diýen sözleri şu hili wahyýlardandyr we “Hadis-i Kudsy” diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä, “Hadis-i Kudsynyň” manylary Alla tarapyndan pygamberine iberlipdir, ol hem bu sözleri öz sözleri bilen beýan edipdir.

b. Wahyýnyň bir görnüşide perde arkasyndan pygamberiň duýan, eşiden sözleridir. Bu hili wahyýda pygamber bir zat görmezden, özüne iberlen sözleri eşider. Musa aleýhissalam Tur dagynda agajyň ýeňsesinden özüne iberlen Allanyň sözüni şeýle eşidipdi.

ç. Perişde Jebraýyl aleýhissalamyň pygamberlere getiren wahyýydyr. Muňa “Wahý-i Metlüww – okalyp, sözler görnüşinde gelen wahyý” diýilýär. Wahyýnyň iň ýokary derejesi şudur. Şol sebäpli “wahyý” diýlende-de, öňi bilen şu wahyý akyla geler. Mukaddes Gurhan pygamberimize şeýle ýagdaýda gelip ýetipdi, ýagny Jebraýyl aleýhissalam mukaddes Gurhany sözler görnüşinde, aýat-aýat, süre-süre görnüşinde getiripdi.  Wahyý diňe pygamberlere mahsusdyr, pygamberlerden başga adama wahyý gelmez.  Allanyň wekili gullaryna käbir ýagdaýlarda gelen ylham bilen wahyýy biri-birine garyşdyrmaly däldir. Aslynda welilere gelen ylham pygamberlere gelen ylhamdan tapawutlydyr. Wahyý bilen emele gelen ylym anykdyr. Wahyýa uýmak her kim üçin hökmanydyr. Pygamberler özlerine gelen wahyýny bolşy ýaly, habar bermeklige hem borçludyrlar.  Welilere gelen ylham bolsa beýle däldir. Ylham wahyý ýaly anyk ylymy beýan etmez. Alla tarapyndan gelendigi anyk bilnen, kitapdyr sünnete hem eýerýän ylhama weliniň özi uýup bilse ol beýleki adamlar üçin delil bolmaz. Kitap we sünnete ters bolan ylhama bolsa weli-de uýmaz. Çünki, dini meselelerde ölçeg kitap we sünnetdir. Wahyý hakyndaky bu gysgaça düşündirişden soňra, häzir bolsa kitaplar bilen baglanyşykly maglumatlara geçeliň: