Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » ALLA IMAN

Öz akylynyň eýesi bolan we ýetginjeňlik ýaşyna ýeten bir erkek ýa-da aýal, gyz maşgala ilkinji parz Allany bilmek we oňa ynanmakdyr. Alla bardyr. Onuň barlygyny bilmek we oňa düşünmek üçin özümi-ze, tebigata we tebigatdaky ýaradylyş aýratynlyklaryna we her bir zadyň ýerli-ýerinde goýlandygyna seretmeklik ýeterlidir.  Dünýäde, tebigatda, daş-töweregimizde hiç bir zat öz-özünden bolup emele gelen däldir. Hökmany suratda ony döreden we oňa şekil beren biri bardyr. Geýýän eşiklerimiz, ulanýan harytlarymyz, ýaşaýan öýümiz, münýän ulagymyz, bularyň barynyň bir ussasy ýa-da ony ýasany bardyr. Hut şonuň ýaly, bütin janly-jandary, tebigaty we ondaky akylyňy haýran edýän gurluşy elbetde bir döreden ýa-da ýaradan bardyr. Ynha, ol hem Alladyr. Bizi ýaradan we ýaşadan hem oldur. Öldürjek-de , ýene gaýtadan direltjek-de onuň özüdir. Şonuň üçin ilkinji wezipämiz ol beýik ýaradany tanamakdyr we oňa ynanmakdyr. Alla bardyr we birdir. Ondan başga taňry ýokdur, hut şu sebäpli-de oňa Biribar diýilýär. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Hudayyňyz ýeke täk Alladyr. Ondan başga taňry ýokdur. Ol Rahmandyr, Rahymdyr.” (Bakara: 163 ) Tebigatdaky gurluş, tertipdir düzgüni, tabigatdaky kanunlaryň birine eýerýändigi, tabyn bolýandygy Allanyň birligine, onuň deňidir taýynyň ýokdugyna anyk bir delildir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eger ýerde we asmanda Alladan başga taňrylar bar bolsady, onda ýer we asman nyzamy hökmany suratda bozulyp giderdi. Diýmek, Arşyň Rabby bolan Alla olaryň yöňkeyän syparlaryndan arassadyr.”(Enbiýa: 22 )