Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » EL TÄRETI=ELE SUW ALMA (ABDEST)

Abdestiň arapçasy “wududyr.” Sözlükde arassaçylyk we owadanlyk manysyny aňladýar. Adalga hökmünde belli agzalaryň ýuwulmak we meshedilmek ýoly bilen berjaý edilen arassaçylykdyr. Namaz okamak üçin el täreti almak şertdir. El täretsiz namaz hakyky we kabul edilen namaz hasaplanmaz. El täreti bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle buýruk berlipdir:

“Eý iman edenler, namaz okamaga turan wagtyňyzda, ýüzleriňizi, tirsekleriňize çenli elleriňizi we başlaryňyza meshedip, topuklara çenli aýaklaryňyzy ýuwuň.”( Maide: 6)

Ele suw alma daşarky dünýä, daş-töwerek bilen has köp ýagdaýda gatnaşykda bolan beden agzalarymyzyň arassalanmagyna, bu agzalar bilen eden günälerimiziň bagyşlanylmagyna we ahyretde jennete girmekligimize serişde bolar.(Ele suw almaklygyň göz saglygy üçin oňyn netijeleriniň bardygyny belleýän Yrak Milli Goranma ministrliginiň Saglygy goraýyş guramasynyň müdiri Albaý Şakyr Faik şeýle ýazýar:  “Yragyň Mülki keselhanasynyň göz tebipçiliginde orunbasarlyga bellendim. Ýüz tutup gelen hassalaryň arasynda ençeme adamlaryň trahoma bilen keselländigini görüp, haýran galdym. Çünki, gelenleriň ýetmiş göterimi trahomalydy. Şol wagt Agzamiýede bir başlangyç mekdebiň okuwçylarynyň göz saglyklarygyň ýagdaýyny barladym. Okuwçylaryň togsan göteriminiň trahomlydygyna göz ýetirdim. Bu pudakda ylmy barlag geçirmek üçin Ýewropa gitmekligi ýüregime düwdim. Londana gitdim. Morfild şahsy göz keselleri keselhanasynda işlemäge başladym. Morfild keselhanasynda işleýän professor Köln menden Bagdatdaky trahomalylaryň sanyny sorady. Hakykaty bolşy ýaly aýtdym. Şonda ol şeýle diýdi: -“Siziň musulmandygyňyzy bilýärin. Musulman bolan bir adam bäş wagtyna namazyny okamak üçin her gün bäş gezek akar suw bilen ele suw alar we ýüzüni ýuwar. Bularyň trahomaly bolmagy asla mümkin däldir.Şu ýagdaýa görä siziň adyňyz musulman.Çünki ele suw almaýarsyňyz we namaz okamaýarsyňyz. Ýa-da tersine namaz okamaklygy dowam etdirýän bolsaňyz, siziň araňyzdaky ýaýran keseliňiz trahoma däl-de, başga bir hassalyk bolmagy mümkindir. Men hem kesel hakykatdan-da trahoma, diňe biz täretsiz we namazsyz musulman ekenik diýmäge mejbur boldum. (Diýanet işleri boýunça ýolbaşçylardan merhum Hasan Hüsnü Erdemiň “Taret almaklygyň diş we göz saglygy taýdan ähmiýeti” diýen eserinden gysgaldylyp alyndy. s. 28 we beýlekiler.)) 

Pygamberimiz täretiň edebi hakynda şeýle diýipdir:  

“Her kişi oňat görnüşde täret kylsa, dyrnaklarynyň aşagyna çenli bedeninden günäleri döküler.”(Müslim, Tahare, 33)

Başga bir hadysda hem şeýle buýruk beripdir:  

“Meniň ymmatym kyýamat gününde täret agzalary arassaçylyk nurunyň tämizligi bilen geljekdir. Bu tämizligi hasda uzaltmaklyk haýsyňyzyň elinden gelýän bolsa berjaý etsin.”(Buhary, Wudu, 3)

Mesele bilen baglanyşykly Ebu Hureýreden (r.a.) şeýle rowaýatlar aýdylýar: Pygamberimiz bir gün Medinäniň gonamçylygyna gelip:

-Eý musulmanlar ýurdy, size salam bolsun. Enşalla, biz-de size goşularys. Dogan-garyndaşlarymy görmekligi islärdim.- diýdi. Onda egindeşleri

Eý Resulalla, biz siziň dogan-garyndaşyňyz dälmi, eýsem? – diýdiler. Pygamberimiz:

-Siz meniň egindeşimsiňiz. Dogan-garyndaşlarymyz bolsa heniz gelmedik bolanlardyr- diýip jogap berdi. Egindeşler:

-Eý Allanyň resuly, heniz gelmedik bolan şol doganlaryňyzy siz nädip tanajak ahyry?- diýdiler. Onda pygamberimiz:

-Bir adamyň hemmesi meňzeş reňkde bolan atlaryň arasyndan alny we üç aýagy ak bir aty bar bolsa, ony kim tanamaz öýdýärsiňiz ahyry. Hany aýdyň? – diýip sorady. Egindeşler:

-Hawa, tanar-diýdiler. Şonda pygamberimiz: 

-Eger şeýle bolýan bolsa, onda dogan-garyndaşlarymyz, ýüzi, elleri, aýaklary täret nury bilen arassa görnüşinde geljekdirler. Men hem olardan öň baryp, Howuz başynda olara garaşjak- diýip jogap berdi. (Müslim, Tahare, 12)