Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » ARASSAÇYLYK

Arassaçylygyň ähmiýeti

 Yslam dininiň örän uly ähmiýet beren meseleleriniň biri-de arassaçylykdyr. Mukaddes Gurhanda arassaçylygy berjaý eden musulmanlar öwülipdir we Allanyň söýgüsini gazanjakdyklary habar berlipdir.  Bu meselede beýik Alla şeýle buýruk beripdir:

“Ol ýerde arassaçylygy halaýan adamlar bardyr. Alla-da arassalananlary, köp tämizlenenleri söyer.”(Toba: 108) 

Pygamberimiz-de: “Din arassaçylygyň üstünde gurlandyr.”(Meşarik, J. 2, s. 107)

“Arassaçylyk imanyň ýarsydyr.”(Müslim, Tahare, 1)

diýip, arassaçylygyň dinimizde neneňsi derejede uly ähmiýetiniň bardygyny beýan edipdir. Namazyň hakyky namaz bolmagy üçin beden, egin-eşik we namaz okaljak ýeriň arassa bolmagy esasy şertleriň biridir. Görnüşi ýaly, musulman bedenini, egin-eşigini, öýüni we oturjak-turjak ýerini hemişe arassa saklamaga mejburdyr. Daş-töweregimizi hapalamazlyk, hemişe arassa saklamaklyk biziň dini wezipelerimiziň arasynda ilkinji hatarda durýan meseleleriň biridir. Hormatly pygamberimiz

“Daş-töweregiňizi arassalaň.”(Tirmizi, Edep, 41)

diýip, daş-töweregiňde arassa saklanmagyny talap edipdir. Namaz okaýan adamyň täret kylmagy parzdyr, ele suw almagy hökmanydyr. Täret kylmak-ele suw almak bolsa her gün birnäçe sapar arassalanmak diýmekdir. Allanyň her bir emrinde bolşy ýaly, gusül (boýdan-başa suw almak) we abdest = täret (ele suw almak) bilen baglanyşykly emirlerinde-de ençeme hikmetler, saglyk taýdan bolsa örän köp mukdarda peýdalarynyň bardygy bilinýän bir hakykatdyr. Dinimiz daş-töwerek, daşky görnüşimiziň arassaçylygyny talap edişi ýaly, niýet, ahlak ýaly içerki arassaçylygada ähmiýet berilmeklige buýruk beripdir, ýörite talap edipdir. Musulmanyň daş keşbi, töwerek-daşy arassa boljakdygy ýaly, ýüregi we ruhy-da arassa boljakdyr. Beden agzalarymyzyň maddy kir-kimirlerden arassalanyşy dek hut şol bir wagtyň özünde-de günälerden arassa saklanmalydyr, ýüregimiz we ruhumyz-da her hili ýaman duýgudyr düşünjelerden saplanmalydyr. Ymam Gazaly “Ihýau ulumid-din” diýen belli eserinde arassaçylygyň dört derejesiniň bardygyny belleýär:

1. Daşky görnüşiňi her hili kir-kimirdir hapalardan,

2. Beden agzalaryňy günälerden,

3. Ýüregiňi ýaman niýetlerden,häsiýetlerden,

4. Köňlüňi Alladan başga her bir zatdan arassalamakdyr. (Ihýau ulumid-din, j.1, s.167) 

Jemläp aýdanymyzda, musulman daşyny maddy we ruhy kirlerden, içini her dürli duýgy-düşünjelerden tämizlemeli, goý  ol şeýdip Allanyń söýgüsini gazansyn we jennete girmeklige munasyp bolsun. Daşky arassaçylyk-da pygamberimiziň ýörite deginip geçen arassaçylyk meseleleriniň biridir. Pygamberimiz her pursatda dişlerini arassalar we:

“Diş çalgyjy hem agzy arassalar, hem-de Hakyň razylygyny gazandyrar.”(Nesai, Tahare, 5, (I, 10)) diýip belläpdir. Dişlerini arassalamaýanlary göreninde-de

“Siz näme üçin  dişleriňiz şeýle saralan görnüşde ýanyma gelýärsiňiz. Diş çalgyjyny ulanyň.”(Mejmauz-Zewaid, j. 1, s. 221 (Hadysy, Ahmet b. Hanbel we Taberany rowaýat edipdir.)) diýip, ýörite duýduryş beripdir.

Arassaçylygyň görnüşleri

Arassaçylygyň iki görnüşi bardyr:

1.      Hadesden (hajatdan) täret

Käbir ybadatlaryň berjaý edilmegine päsgelçilik bolan hükmi hapaçylyga “hades”, (hajat) ondan arassalanmaklyga bolsa “hadesden taharet” diýilýär. Hajat (hades) biri kiçi we beýlekisi uly bolmak bilen iki sany görnü-şe aýrylar.

Kiçi hajatdan arassalanmaklyga “Taharet-i sugra” diýilýär. Bu täretsizligi (abdestsizligi= ele suw almaklygy) gideren, aradan aýran arassaçylykdyr, ýagny ele suw almak (abdest) diýmekdir. 

Uly hajaty aradan aýyrýan arassaçylyga-da “Taharet-i kübra” diýil-ýär. Hökmany suratda arassalanmagy talap edýän işlerden soňraky tämizlenmedir, muňa gusül (boýdan-başa suw alma) diýilýär.

2.      Nejasatdan täret 

Hapa, tezek görnüşindäki zada “nejasat”, ondan arassalanmaklyga bolsa “nejasatdan täret” diýilýär. Namazyň hakyky namaz bolup, makullanmagy üçin beden, egin-eşik we namaz okaljak ýeriň arassa bolmagy şertdir. Namazyň geçerli bolmaklygyna, kabul edilmekligine päsgel bolup-bolmazlygy taýdan nejasatlar ikä bölünýärler: 

a.Nejasat-y galize: ýeňil bolmadyk, agyr nejasat diýmekdir. Bular adamlara degişli (gundagdaky çaganyňky hem degişli) täreti-tezegi, peşew, bedeniň haýsy hem bolsa bir ýerinden akan gan, iriň, agyz doly gusuk, döl suwuklygy; aýallardan aýbaşy,göwrelikä ýa-da al bolan halatlarynda akan suwuklyklardyr. Eti iýilmeýän haýwanlaryň tezekleri, siýdigi we gyllygy,sülekeýi; eti iýilýän haýwanlardan towuk, gaz we ördekleriň hapalary, akan gan, ýerde ýaşaýan usulyna görä damagy çalynmadan ölen haýwanlaryň läşleri bilen bilelikde şerap hem bu bölüme girýändir.

Namaz okaýan adamyň bedeniniň egin-eşiginiň we namaz okajak ýeriniň bu hapalardan arassalanan bolmagy hökmanydyr. Ýöne bu hapalaryň gaty ýagdaýynda bolanlaryndan bir dirhemden (2.08 gr.) köp bolmagy, döl we beýleki suwuklyklardan eliň aýasyndan (ýagny barmak düýplerine çenli bolan owuç içi giňişliginden) köp bir meýdany gaplamagy ýagdaýynda namaz hakyky görnüşinde geçerli bolmaz. Bu mukdarlardan az bolan hapalar bolsa namaza päsgel bermez, ýöne mekrudyr.

b. Nejasat-y hafife: ýeňil bolan, agyr bolmadyk nejasat diýmekdir. Bular: atyň tezegi we siýdigi, eti iýlen öý haýwanlaryndan goýun, geçi, sygyr, manda we düýäniň gumalagydyr tezegi we siýdigi. Eti iýilmeýän guşlaryň hapalary-da bu bölüme girýär. Bu bölüme giren hapalardan bedene ýa-da egin-eşige bulaşan mukdary bedendir egin-eşigiň dörtden birinden köp bolsa, onda namaz hakyky bolmaz. Bu mukdardan az bolsa, onda namazyň hakyky bolmagyna päsgel bermez, ýöne mekrudyr. Iňňe ujy ýaly peşew serpintileri bilen ýollardan syçraýan palçyklardan saklanmak köplenç mümkin bolmadygy sebäpli, olar üçin geçirimlilik edilip bagyşlanandyr. Ýöne bu hapalar suwa garyşan halatynda suwy hapalar, zaýalar.  Ýollardan syçraýan zadyň hapadygy belli bolsa, onda namaz ýene hakyky bolmaz. Hapa bolan gan, isle adamdan, hala-da haýwandan akan gandyr. Düzgüne görä kesilen, damagy çalnan haýwanyň damarlaryndaky we et-lerindäki gan; bagyr, dalak we ýürek ganlary bilen çekirtge we balyk gany, büre, tagtabiti ýaly goranylmagy kyn bolan zatlaryň ganlary namaza päsgel bermez, bular bagyşlanylandyr. Ynsanyň bedeninde, egin-eşiginde ýa-da namaz okajak ýerinde na-maza päsgel bermejek möçberinde sähelçe hapa bolmagy namaza zyýan bermez diýip, arassaçylygy gözden salmak ýalňyşdyr. Bu hapalary tutuşlygyna arassalamak mümkinkä, olar bilen namaz okamak mekrudyr. Şol sebäpli musulman bedeniniň, egin-eşiginiň we namaz okajak ýeriniň arassaçylygyna örän ýokary dereje ünsli bolmalydyr.