Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Ihram

Ihram haj ýa-da umre (mukaddes ýerleri aýlanyp görme) berjaý etmekçi adamyň halal bolan käbir zatlary we hereketleri belli bir wagt üçin özüne haram hasaplamagydyr.

Ihramyň iki sany rüknü (göwnüň berip edilýän ybadat) bardyr:

1. Niýet: Berjaý etmek isleýän haj ýa-da umre ybadatyna tüýs ýürekden ynanyp, oňa özüňi taýýarlamakdyr. Muny dil üsti bilen aýtmak sogapdyr.

2. Telbiýe (taýýarlyk dogasy), ýagny:

“Lebbeýk, Allahümme lebbeýk, Lebbeýke la şerike leke lebbeýk. İnnel-hamde wen-niýmete leke wel-mülk la şerike lek.” diýip aýtmakdyr. (Manysy: “Allahym, çakylygyňa süňňüm bilen ynandym, buýrugyňa taýýar boldum. Sen ýeke-täksiň, deňiň-duşuň we meňzeşiň ýokdur. Saňa ýüz tutdum, at-abraý, nygmat-eşret, mal-mülk bary seňkidir. Sen ýeke-täksiň, deňiň-duşuň we meňzeşiň ýokdur.”)

Haj ýa-da umre, hatda ikisine-de birden niýet edip telbiýe (taýýarlyk dogasy) aýtmak bilen ihrama girilýär we hajyň hem birinji parzy berjaý edilýär.

Diňe niýet ýa-da ýeke-täk telbiýe bilen ihrama girip bolmaýar. (Şafy, Mäliki we Hanbeli messeplerinde bolsa ihrama girilen hasaplanmak üçin telbiýe aýtmak şert bolman, diňe niýet ýeterlikdir.)

Bir adam ihrama giren wagtynda haj ýa-da umre, hatda her ikisini berjaý etmekligi niýetinde bellemese-de, ýene ihrama giren hasaplanýar.

Bu adam berjaý etmek isleýän ybadatynda togaba başlamazdan öň belli etse, onda onuň bu belligi ýerlikli hasaplanylýar. Şoňa laýyklykda-da, öz ybadatyny berjaý edýär. Eger berjaý etmek isleýän ybadatynda togaba başlasa, umre üçin ihrama giren hasaplanylýar. Umre ybadatyny berjaý eder, ondan soňra-da haj üçin gaýtadan ihrama girer. Şeýlelikde, temettu (özi üçin bähbitli bolan) hajy berjaý eden hasaplanar.

Eger berjaý etmekçi bolýan haj ýa-da umre ybadatyny bellemezden we togap hem etmezden Arafat wakfesi ybadatyny ýerine ýetirjek bolsa, onda haj üçin ihrama giren hasaplanylar, netijede ifrad (özbaşdak) hajylygy berjaý eder.

Haýsy hem bolsa bir haj görnüşi üçin ihrama girip, soňra onuň hajylykmy, umrelikmi ýa-da bularyň ikisidemi bolandygyny ýadyndan çykarsa, onda Kyran (bilelikdäki) hajy üçin ihrama giren hasaplanylýar. (Hanbelilere görä bolsa bu ýagdaýdaky ihramly adam isleýän haj görnüşini gaýtadan belläp biler we şol belligine görä ybadat eder)

Ihramyň ýeri we wagty

Haj ýa-da umre üçin ybadat etjek ýerli bolmaýanlaryň, başga ýerden geljek daşary ýurtlularyň (mikat daşyndan geljek bolanlaryň) ihramsyz geçmezligi zerur bolan ýerlere “mikat” diýilýär, şol ýerler şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1.Zulhuleýfe: Mekgä Medine tarapdan gelenleriň mikatydyr. Pygamberimiz bu ýerde ihrama giripdir. Häzir hem bu ýere “Abar-y Ali” diýilýär.

2. Juhfe: Şam tarapdan gelenleriň mikatydyr.

3. Zat-y Yrk: Yrak tarapdan gelenler bu ýerde ihrama girýärler.

4. Karn: Nejid tarapdan gelenleriň mikatydyr.

5. Ýelemlem: Ýemen tarapdan gelenleriň mikatydyr.

Gyzyldeňiz (Gulzum), Süweýş tarapdan gelenler “Juhfe” ýakynlaryndaky “Rabyg” diýen ýerde ihrama girýärler.

Howaýoly bilen Jiddä geljekler-de gelýän taraplaryndaky mikatyň deňinde ihrama girýärler.

Harem etrabyna ihramsyz girmek

Harem etrabyna mahsus bolan birnäçe düzgünler bardyr. Bularyň biri-de, nähili maksat bilen bolsa bolsun tapawudy ýok, bu etraba girmek isleýän daşary ýurtlularyň mikat araçägini geçmezden, hökmany görnüşde ihrama girmekleridir. Çünki, ihram bu mukaddes etraba hormat goýmaklygyň nyşany hökmünde wajyp hasap edilýär. Bu meslede haj we umre ybadaty üçin gelenler bilen başga maksatlar, meselem: söwda we zyýarat üçin gelenleriň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Şeýlelikde, Mekgä ýa-da Harem etrabyna gelen daşary ýurtlular haj ýa-da umre ybadatyny berjaý edeninden soňra ihramdan çykýarlar.(Şafylara görä, haj ýa-da umre maksadyndan başga maksat bilen bu etraba gelen daşary ýurtlularyň ihramsyz girip çykmaklary dogry hasaplansa-da, mikatda ihrama girmekleri sogapdyr.)

Mikat araçäkleri bilen Harem etrabynyň aralygynda ýaşaýanlar haj ýa-da umre ybadatlaryny berjaý edip, ihramdan çykanyndan soňra söwda ýa-da başga bir iş üçin harem etrabynyň daşyna, meselem; Jiddä giden daşary ýurtlularyň-da mikat araçäkleriniň daşyna çykmadygyça Mekgä ihramsyz girmeklerine garşylyk ýokdur.

Göni Harem etrabyna ýa-da Mekgä gitme niýetinde bolman, mikat çäkleriniň içi hasaplanylýan, meselem, Jiddä gitjek bolan daşary ýurtlular mikaty ihramsyz geçip bilerler. Bu ýagdaýda bolanlar harem etrabyna we Mekgä girip çykma meselesinde Jiddede ýaşaýanlar ýalydyrlar. Bir mysal bermeli bolsak: Haýsydyr bir iş üçin Jiddä gelen adam soňra Mekgä gitjek bolsa, onda Jiddede ýaşaýan adamlar ýaly ihrama girmegi hökman däldir. Ýöne, haj ýa-da umre ybadatyny berjaý etmek islese, şol bolan ýerinde ihrama girmelidir.

Ihramyň wajyplary

1. Mikat araçäklerini ihramsyz geçmezlik.

2. Ihram babatda gadagan edilenlerden saklanmak.

Ihramyň sünnetleri

1.Dyrnaklary kesmek, gerek bolsa saç-sakgalyňy syrmak, gasyk we goltuk gyllaryňy aýryp arassalamak.

2.Ihrama girmezden öň, arassalyk üçin suwa düşmek. Suwa düşmek, täreti bolanlar we aýbaşy bolan zenanalar üçin-de sünnetdir. Suwa düşmek mümkin olmadyk halatynda, täret alynýar. Suw bolmadygy üçin täret alynmadyk ýagdaýynda, sünneti düzgünini ýerine ýetirmek üçin teýemmüm hökmany däldir. Çünki, bu ýerdäki suwa düşmek we täret almak arassaçylyk üçindir. Ýöne mundan soňra ihram namazy üçin teýemmüm edilmegi zerurdyr.

3.Erkekler “Izar” we “Rida” diýilýän iki bölek örtüge (ýagny ihrama) bürenmek. Izar – bilden aşaga örtülip saralýan, rida bolsa bedeniň bil- den ýokarky gursak bölegine örtülýän ak matadan ybaratdyr. Bu örtükleriň ak bizden, täze we ýuwlup arassa bolmagy sogapdyr.

4. Ihram eşigini geýeniňden soňra kerahat wagty bolmasa, iki rekagat ihram namazyny okamak. Namazdan soňra-da niýet edip, telbiýe aýmak zerurdyr.

5.Ihramly bolan adam yzygiderli we boldugyça belent sesli telbiýe aýtmak.

6. Ihramdan öň, endamyňa hoşroý yslar sepmek.

7. Haj üçin haj aýlary başlanyndan soňra ihrama girmek.

Ihramyň gadagan edýän zatlary

Ihrama giren adama – ihramdan çykýança gadagan bolan işler we hereketler şulardan ybaratdyr:

1. Saç we sakgal syrmak, murtlary kesmek.

2.Gasyk we goltuk gyllary bilen bedeniň beýleki ýerlerindäki gyllary syrmak, goparmak ýa-da ýolmak.

3. Dyrnak kesmek.

4.Bezeg üçin saç, sakgal we murtlary ýaglamak ýa-da hyna sürmek. Dymaga çalynyan zatlar dodaga çalynyan zatlar we ysly atyr sabyny ulanmak.

5. Hoşroý ysly atyr sepmek.

6. Egin-eşik geýmek.

7. Başy we ýüzi örtmek.

8. Ellik, jorap ýa-da topuklary ýapyk bolan aýakgaby geýmek. Egin-eşik bilen baglanyşykly bu gadaganlar diňe erkeklere degişlidir. Zenanalar bolsa adaty eşikleri geýerler. Ihrama giren wagtlarynda diňe ýüzlerini örtmezler.

9. Jynsy gatnaşykda bolmak.

10.Jynsy gatnaşyk duýgularyny oýandyryjy ýa-da gyjyndyryjy sözleri aýtmak.

11.Haram bolan zatlary etmek.

12.Beýleki adamlar bilen çekişmek, dawa etmek, sögmek, söz ýada hereket bilen gödeklik etmek.

13.Her hili gury ýer awyny awlamak, görkezmek ýa-da awça kömek bermek. Deňiz haýwanlarynyň awlanmagynyň gadagan edilmeýşi ýaly, goýun we towuk ýaly öý haýwanlarynyň kesilmegi-de ihramly adama gadagan edilmeýär.

Mekge şähri we onuň töweregindäki “Harem” diýlen etrabyň awynyň awlanylmagy, ösümlikleriniň kesilmegi ýa-da çapylmagy, goparylmagy ihramly we ihramsyz her kim üçin gadagandyr.

Ihramly adama gadagan bolmaýan işler we hereketler

1.Ýuwunmak, yssyz sabyn ulanmak.

2. Saýawan ulanmak.

3. Ihram örtüklerini ýuwmak, çalşyrmak.

4. Döwlen dyrnagy goparmak.

5. Dişleri arassalamak, sürme çekmek.

6. Bedeniň haýsydyr bir ýerindäki ýarany saramak.

7. Gan aldyrmak, diş sogurtmak, sanjym etdirmek.

8. Ýarag guşanmak, gol sagadyny we ýüzük dakmak.

9.Kemer (guşak) dakynmak, egniňe deriden ýa-da matadan edilen bukja asmak. (Bularyň tikinli bolmagy zyýan bermez)

10.Paltony ýa-da penjegi geýinmän egne atmak.

11.Ýüzi we başy örtmejek görnüşde ýorgan, odeýal ýa-da beýleki haýsydyr bir örtük ulanmak.

12.Balyk awlamak.

13.Adama hüjüm edip, dişleýän, çakýan görnüşindäki it, ýylan, içýan, syçan ýaly aw haýwany bolmaýan haýwanlary we mör-möjekleri öldürmek.