Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » DINI MUKADDESLIKLER WE GYMMATLYKLAR

Mukaddes sözüniň köplügi mukadessatdyr. Mukaddes gutly, bagtly, keramat we tämiz diýmekdir. Dini babatdan arassa we ruhybelentligi bolan zatlara “mukaddesat” diýilýär. Ruhy taýdan belentligi we sypaýyçylygy bolan zatlar bilen bulara goýuljak hormatyň nähili boljakdygy gysgaça bölümler görnüşinde görkezilendir.

1. Allatagala:

Bizi, dünýäni we dünýäde bolan her bir zady ýaradan, ýaşadan, tükeniksiz nygmatlardyr başarnyklar bilen gurşan beýik barlygyň adydyr.

Her bir haýyrly we peýdaly işe başlan halatyňda, onuň ady bilen başlanmalydyr. Has anygy “Bismillahir-Rahmanir-Rahim” diýmelidir. Allanyň ady ýatlanylyp başlanylmaýan haýsy hem bolsa bir haýyrly we peýdaly işden bereketli netije alynmaz. Şoňa görä Pygamberimiz: “Haýsydyr bir işe “Bismilla” bilen başlanylmasa, şol iş netijesiz galar” diýip belläpdir. (Feýzul-Kadyr, j. 5, s. 13)

Gurhan okamakdan başga wagt haýsy hem bolsa bir işe başlan halatyňda “bismilla” ýeterlikdir. Ýöne mukaddes Gurhan okan wagtyňda, “bismilladan” öň, “Euzübillahi mineş-şeýtanir-rajim” diýilmelidir. Eti iýilýän haýsy hem bolsa bir haýwanyň damagy çalnanynda, Allanyň ady ýatlanylyp çalnar.

Allanyň ady ýatlanylan wagtynda, onuň ägirtliligini beýan eden “ Jelle Jelalühu” diýlip aýdylmalydyr. Bularyň bary Allatagala mahsus bolup, her biri onuň mukaddesliginiň bir beýanydyr.

2. Kitaplar:

Bilnişi ýaly, Allatagala ynanmak we oňa hormatyň iň ulusyny goýmaklygyň parz bolşy ýaly, onuň Pygamberleriň araçylygy bilen iberen kitaplaryna ynanmak we hormat goýmak-da parzdyr. Mukaddes Gurhan Jenab-y Hakyň iberen kitaplarynyň iň soňkusydyr. Ol kitap Pygamberimize wahyý edilişi üýtgedilmezden, edil asyl görnüşde inişi ýaly elimizdedir. Çünki Jenab-y Hak Mukaddes Gurhan üçin: “Gurhany biz iberdik (inderdik), elbetde ony biz hem gorajakdyrys.” (Hijr: 9) diýip belläpdir. Gurhan ynsanyň sözi däldir, Gurhan Allanyň sözüdir. Şonuň üçin Mukaddes Gurhany täretli görnüşde ellemeli, ele almalydyr. Täreti bolmaýan adam açyk ýagdaýyndaka mukaddes Gurhany okap bilse-de, oňa el degrip ýa-da eli bilen tutup bilmez.

Ony okamaga başlamazdan öň, euzü bismilla çekmeli, ýagny “Euzü billahi mineş-şeýtanir-rajim. Bismillahir-Rahmanir- Rahim” diýmeli we ondan soňra okamaly. Mukaddes Gurhany arassa ýerlerde we ony diňläp biljek ýagdaýda bolan adamlaryň ýanynda okamaly. Hapa ýerlerde, edep (aýyp) ýerleri açyk, ýa-da başga bir iş bilen meşgul bolan adamlaryň ýanynda sesli okalmaz.

Bazarda, seýilgähde we dynç alynýan ýerlerde bolan we diňlemäge mümkinçiligi bolmaýan adamlara eşidiljek görnüşde mukaddes Gurhany sesli okamak ýerlikli hasaplanylmaýar. Çünki, bu ýerde Gurhany eşidenlere ruhy taýdan jogapkärçiligi olaryň boýnuna goýmaklyk bardyr. Muňa sebäp döretmek, ýol açmak bolsa dogry däldir.

Ýanyň mukaddes Gurhanly görnüşde hajathana girilmejekdigi ýaly, barmaklaryňdaky ýüzükde ýa-da boýnuňa dakylan zynjyrda Gurhandan ýazylan bir aýat bar bolsa, onda şeýle görnüşde-de hajathana girmek dogry däldir.

Okalmajak görnüşe gelen, halys könelen mukaddes Gurhany bir arassa biz mata dolap, basalanmajak arassa bir ýere gömmek zerurdyr. Mukaddes Gurhany öpmek, ogşamak ýerliklidir, muňa “diýanet ogşamasy” diýilýär.

3. Pygamberler:

Bilnişi ýaly, pygamberler Allatagalanyň saýlap seçen gullarydyr. Jenab-y Hak olary buýruklarydyr gadagan eden zatlaryny adamzat nesline ýetirmek üçin wezipelendiren mähriban şahslardyr. Ähli pygamberlere, hiç hili parh ýa-da tapawut goýmazdan ynanmak we olara hormat goýmak zerurdyr. Pygamberlerden biriniň ýatlanylan wagtynda, “salam” bilen ýatlanylar. Meselem: Ybraýym aleýhis-salam, Isa aleýhissalam görnüşde ýatlanylar.

Pygamberimiziň ady agzalan wagty, oňa “salatü salam” getirilýär.  “Muhammet Sallallahü aleýhi we sellem” ýa-da “aleýhissalatü wessalam” diýilýär.

Pygamberimizden başgasy “salatu salam” bilen agzalmaz. “Omar aeýhissalatü wessalam” ýa-da “Omar aleýhis-salam” diýilmez. Diňe Pygamberimiz bilen bilelikde ýatlanylan wagtynda “Allataga Muhammede we onuň beýik egindeş eshabyna salat we salam buýursyn” diýen manysyny berýän “Sallallahu aleýhi we ala alihi we sahbihi” diýlip aýdylýar.

Jenab-y Hak mukaddes Gurhanda Pygamberimize “salatu selam” getirmegimize emir berip, şeýle diýipdir:

“Alla we onuň perişdeleri pygambere köp salat ederler. Eý musulmanlar! Siz-de oňa salat we süňňüňiz bilen salam ediň.” (Ahzap: 56.)

Allanyň Salat etmegi rahmet etmegi, rehimdarlyk etmegi diýmekdir. Perişdeleriň salaty Pygamberiň şanyny beýgeltmek we musulmanlara Alladan ötünç soramakdyr, geçirimlilik dilemekdir. Musulmanlaryň salat etmegi bolsa, doga etmeleri diýmekdir.

Pygamberimize “salatu salam” getiren adama Jenab-y Hak rahmet eder. Pygamberimiz şeýle diýip belleýär:

“Her kim oňa salawat getirse, Allatagala şol adama on gezek rahmet eder.” (Ahzap: 56.)

Ýene Pygamberimiz:

“Günleriňiziň iň peýdalysy Juma günüdir. Şol gün oňa epesli mukdarda salatu selam getiriň. Çünki siziň salat we salamlaryňyz (melekleriň ýa-da perişdeleriň araçylygy bilen) oňa hödürleniler.” diýip aýdypdyr. Onda egindeşleri:

-Eý Allanyň Resuly, getiren şol salatu salamlarymyz size nähili ýagdaýda aýdylyp ýetiriler,çünki oňa çenli siz çüýräp gitjeksiňiz ahyry diýdiler. Şonda Pygamberimiz:

-Allatagala Pygamberleriň jesetlerini ýer ýüzüne haram edendir.”

(ýagny olaryň jesetleri çüýremez) diýdi. (Nesei, 3/91) Abdyrahman Ibn Ebi Leýla (ra.) şeýle diýipdir:

"Maňa bir gezek Kab b. Ujre duş geldi we şeýle diýip aýtdy:

-Eý Ibn Ebi Leýla! Pygamber sallallahu aleýhi we sellemden eşiden bir salatu salamy saňa sowgat edeýinmi? Men hem:

-Hawa, ony maňa sowgat et- diýdim. Kab:

-Biz bir gezek Resulalla sallallahu aleýhi we selleme:

-Eý Resulalla, Ehli beýtiňe mahsus görnüşde saňa nähili salat edeliň? Çünki Alla bize ýalňyz size nähili salam etjekdigimiz öwretdi-diýdik. Şonda Resulalla bize:

-Allahümme salli ala Muhammedin we ala al-i Muhammedin kema salleýte ala Ibrahime we ala al-i Ibrahime inneke hamidün mejid. Allahümme barik ala Muhammedin we ala al-i Muhammedin kema barekte ala Ibrahime we ala al-i Ibrahime inneke hamidün mejid diýiň” (Buhary, Bedul-Halk, 9) diýip aýtdy.

Salatü salam Allanyň razylygy üçin getirilýär. Dünýä bilen baglanyşykly bir bähbit üçin aýdylmaz. Bir satyjy maldyr harydyny müşderisine görkezen wagty “Süphanalla” diýer ýa-da Pygamberimize Salatü salam getirer, şeýlelikde malyny, satmakçy bolýan harydyny halatmak, onuň ünsüni özüne çekmek islese, onda bu mekruh bolar. Çünki, bu gaýtalama we Salatü salam Allanyň razylygy üçin bolman, eýsem harydyň, malyň geçmegi üçin dileg bolýandyr.

Pygamberimize Salat we Salam getirmek kyýamat gününde oňa ýakyn bolmaklyga hem-de şypa bermeklige kömek eder.

4. Pygamberimiziň egindeşleri (Ashab-y kiram):

Pygamberimize ynanyp, oňa eýerip, ony öz gözleri bilen görme bagtyna mynasyp bolan adamlara ashap (egindeş) diýilýär.

Bular ilkinji musulmanlardyr. Pygamberimiziň söhbetleridir dana sözleri bilen at-abraý gazanan we gönüden-göni hut Pygamberimizden sapakdyr maslahat almak bagtyýarlygyna ýeten adamlardyr. Pygamberimiz bilen bilelikde yslam dinini ýaýratmak ugrunda uly pidalara döz gelipdirler, mallarydyr janlaryny şol ugurda gurban eden naýbaşy ilhalar adamlardyrlar. Musulmanlaryň nazarynda bularyň uly bir hormatlylygy bardyr. Şeýle hem olardan soňra gelen hiçbir adam olaryň Alla gatyndaky derejelerine ýetip bilmez.

Pygamberimiz ashaby bilen baglanyşykly şeýle diýip belleýär:

“Hiç wagt ashabymyň garşysyna gitmäň. Olary ýok etmek üçin maksat tutmaň. Olary söýen, maňa bolan söýgüsi ýaly söýer. Olara azar beren, olardan öýke kine saklan, olary ýigrenen adam maňa bolan azary, öýke-kinesi, ýigrenji ýaly ýigrener. Olara ejir çekdiren maňa ejir çekdirişi ýaly ejir çekdirer. Maňa ejir çekdiren-de Allatagala ejir çekdiren bilen deň hasaplanylar. Allatagala ejir çekdiren bolsa uzak gitmez, Allatagala onuň jezasyny basym berer.” (Tirmizi, Menakıp, 59.)

“Hiç wagt meniň egindeşlerime sögmäň, gaty-gaýrym söz aýtmaň. (Çünki olaryň abraýlarydyr berjek peýdalary örän ýokarydyr.) Siziň biriňiziň Uhud dagy çemesi altyn sadaka bermegiňizden gazanan sogabyňyz egindeşlerimden biriniň iki owuç sadadakasyna asla deň gelmez. Hatda gylla ýaryna-da ýetmez.” (Buhary, Fedailül-Asahab, 5; Müslim, Fedailüs-sabe, 231, 232; Ebu Dawud, Sünne 10; Tirmizi, Menakyp, 58; Ahmet b. Hanbel, 3/11.)

Ashab-y Kiram ýatlanylan wagtynda, olara hormat goýlup ýatlanylar we “Alla ondan razy bolsun” manysynda “Radiýallahü anh”, eger zenana bolsa,onda “Radiýallahu anha” diýilýär. Ýatlanylýan iki adam bolsa, onda “Radiýallahu anhuma”, ikiden köp bolsa, onda “Radiýallahu anhüm” diýilýär. Bu pygamberiň egindeşlerine mahsus bolan bir hormatlylygyň beýanydyr.

5. Alymlar:

Mukaddes Gurhanyň deslapky buýrugy “oka” buýrugydyr. Okamak bilim eýesi bolmak ynsan üçin bir üstünlikdir. Çünki Jenab-y Hak bilenler, danalar bilen bilmeýänleriň, nadanlaryň bir bolmaýandygyny ýörite belläp, onuň tapawudyny bize habar beripdir.

Mukaddes Gurhanda şeýle beýan edilýär:

“Şeýle diýip aýt: Heý-de bilenler bilen bilmeýänler deň bolarmy eýsem?” (Zümer: 9)

“Alla içiňizden iman edenler bilen özlerine ylym-bilim öwredenleriň, sapakdyr ders berenleriň at-abraýyny, derejelerini beýgelder.” (Müjadele: 11)

“Alladan gullarynyň içinde diňe akylly-başly, bilimli, sowatly bolanlar gorkar.” (Fatyr: 28)

Pygamberimiz-de: “Allatagala kimiň haýyrly bolmagyny dilese, onda şony dinde alym ýetişdirer we sowatly hem-de dana eder.” (Buhary, Ilm, 10; Müslim, Zekat, 33; Tirmizi, Ilm, 1) diýip belläpdir.

Bilim ýoly jennet ýoludyr. Pygamberimiz bu hakynda:

“Bilim öwrenmek üçin ýola çykan adam öýüne gaýdyp gelýänçä Allanyň ýolundadyr” (Tirmizi, Ilm, 2) diýip belläpdir. Bilimdir sowat adamzat üçin örän uly baýlykdyr. Sowatsyz, bilimsiz ybadat edilmez.

Bilimdir sowat adamyň aňyny,düşünjesini hem-de daş-töweregini aýdyňladýan bir yşykdyr, nurdur. Bu yşykdan mahrum bolan adamyň dogry ýoly tapmagy kyndyr. Ylymyň we alymyň üstünligini beýan eden şu hadys-y şerife aýratyn üns berilmelididr.

Ebut-Derda radiýallahu anh şeýle diýýär: Pygamberimizden şeýle diýilýän gürrüňi eşitdim:

“Her kim bilim öwrenmek üçin ýola çyksa, Allatagala oňa Jennet ýoluny aňsatlaşdyrar. Şübhesiz perişdeler-de ylyma talyp bolanlara, halaýandyklary sebäpli ganat gererler. Asmanda we ýerde bar bolan barlyklar, hatda suwdaky balyklara çenli hemmesi alymlary Allanyň bagyşlamagy üçin dileg ederler. Bir alymyň ybadat edip gazanan üstünligi Aýyň beýleki ýyldyzlara görä üstünligi ýalydyr. Alymlar Pygamberleriň mirasdarlarydyr. Pygamberler ne-hä bir altyn, ne-de bir kümüş miras galdyran däldirler. Ýöne onuň ýerine ylymy miras galdyrandyrlar. Ynha, şol mirasa eýe bolan tükeniksiz bir nesibi alan diýmekdir.” (Tirmizi, Ilm, 19; Ebu Dawut, Ilm, 1).

Şonuň üçin alymlara, sowatly, dana adamlara hormat goýmak yslam dininiň öwredýän esasy terbiýesidir. Yslam dünýäsinde alymlar hemişe hormatlylyk görüpdirler, olar ýatlanylan wagtynda-da “Alla olara rahmet etsin” diýen manyda “Rahmetullahi aleýh” ýa-da “rahimehullah” diýmek olara mahsus bolan bir hormatlylygyň beýany bolupdyr.

Pygamberimiziň ähli egindeşlerini, din alymlaryny hormat bilen ýatlamak, olary tüýs ýürekden söýmek, hiç biri hakynda erbet söz aýtmazlyk, olar bilen baglanyşykly gödek sözleri aýtmazlyk dinimiziň öwredýän we talap edýän edepliligidir, tälim terbiýesidir. Olaryň özaralarynda emele gelen çekişmedir dawalaryny öňe sürüp, olar hakynda hormatdyr sypaýyçylyga laýyk gelmeýän sözleri aýtmak dogry däldir. Beýle ýagdaý kämil musulmana ýaraşmaz.

6. Ymaratlar:

Metjitler Alla ybadat edilen keremli ýerlerdir, mukaddes mekanlardyr. Bularyň başynda Käbäni tutuşlygyna gurşap alýan “Mesjid-i Haram” bilen içinde Pygamberimiziň mazary bolan “ Mesjid-i Nebi” we Kudüsdäki Mesjid-i Aksa” gelýär. Metjitler hormat goýlup, tagzym edilmegi zerur bolan ýerlerdir. Bulara hormat goýlup giriler. Olaryň içinde metjidiň edebine laýyk bolmaýan hereketlerden saklanylar. Metjitlerde uklamak we nahar iýmek mekrudyr. Şeýle hem metjitlerde üýşüp, dünýäniň işleri bilen baglanyşykly gürrüň etmek hem mekrudyr. Çünki, metjitler bu işler üçin gurlan däldir.