Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Hajyň sünnetleri

1. Kudum togaby

Bu togap ifrad ýa-da Kyran hajy ybadatyny berjaý etjek bolanlar, ýagny mikatdan başga ýerden gelenlere sünnetdir. Mekgä gelen batlaryna berjaý edilýär.

Kudum togaby-da edil zyýarat togaby ýaly berjaý edilýär. Ýöne hajyň saýy bu togapdan soňra berjaý edilmejek bolsa, onda ihram we remel edilmez.

2. Arife gijesi Minede gijelemek. Zülhiçjäniň (Gurban aýy) 8-nji güni (başgaça muňa “terwiýe güni” hem diýilýär) gün dogandan soňra Mekgeden Minä gelmek, şol ýerde öýlän, ikindi, agşam, ýassy namazlaryny okamak we gijäni şol ýerde geçirip, arefe güni ertir namazyny-da okap, gün dogandan soňra Arafata hereket etmek.

3. Baýram gijesini Müzdelifede geçirmek.

Arafatdan Müzdelifä gelnen wagtynda baýram gijesini şol ýerde geçirmek sünnetdir. (Şafilere görä Müzdelifede gijelemek wajypdyr.) Baýram ertir irden daň ýeri agarmaga başlanyndan soňra wakfe wajypdyr.

4. Baýram günlerinde Minede galmak

Gurbanlyk kesme günlerinde Minede galmak we şol ýerde gijelemek sünnetdir. (Beýleki messeplere görä bolsa gurbanlyk çalynýan günlerinde Minede gijelemek wajypdyr.)

Umre näme we nähili berjaý edilýär?

Umre ihrama girip, togap we saý ybadatyny berjaý edeniňden soňra saç-sakaly syryp, ihramdan çykmakdan ybaratdyr. Ömrüňde bir gezek umre ybadatyny berjaý etmek sünnetdir. (Şafi we Hanbeli messeplerine görä bolsa, umre parzdyr.)

Umre üçin belli bir wagt ýokdur. Her wagt berjaý edilip bilner. Ýöne arefe we baýram günleri bilen teşrik günlerinde umre ybadatyny berjaý etmek asla bolmaýar, mekrudyr. Çünki, bu bäş gün haj günleridir.

Bir ýylyň dowamyndan birden artyk umre ybadatyny berjaý etmekligiň zyýany ýokdur. (Mäliki messebine görä, bir ýylda birden köp umre ybadatyny berjaý etmek mekrudyr.)

Umre üçin ihrama girilýän ýerler

Mekgä “mikat” araçäginiň daşyndan gelenler ýollarynyň ugrundaky “mikatlardan” ýa-da şolaryň deňinden başlap ihrama girýärler.

Mekgeliler bilen mikat araçäkleriniň içinde ýaşaýanlar Harem çäkleriniň daşynda Hill etrabynda ihrama girýärler.

Umreniň berjaý edilişi

Umre ybadatyny berjaý etmekçi bolýan adam “mikatda” ýa-da Hill etrabynda ihrama girmek üçin ihram namazyny okaýar. Namazdan soňra “Allahym, umre ybadatyny berjaý etmek isleýärin, özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et” diýip niýet edýär, soňra telbiýe (lebpeýik) okar.

Haremi Şerife gelen wagtynda: “Allahym, seniň razylygyň üçin umre togabyny berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et” diýip niýet edýär we umre togabyny berjaý edýär. Togap namazyny okanyndan soňra Safa depesine gidýär we şol ýerde:

“Allahym, seniň razylygyň üçin Safa bilen Merwe arasynda umre saýyny berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et”diýip niýet edýär we umre saýyny berjaý edýär.

Mundan soňra saçlaryny syryp ýa-da gysgaldyp, ihramdan çykýar.

Hajyň berjaý edilişi

Hajyň berjaý edilişi boýunça üç görnüşi bardyr: “ifrad”, “temettu” we “kyran”. Mekgeliler bilen Harem etrabynda we “mikat” araçäkleriniň içinde ýaşaýan diňe “ifrad” hajylygyy berjaý edýärler, “temmettu” ýa-da “kyran” hajylygyny berjaý edip bilmeýärler.

Haj aýlaryndan öň Mekgä gelip, umre ybadatyny berjaý eden daşardan gelenler-de şolar ýaly diňe “ifrad” hajylygyny berjaý ederler, “temettu” we “kyran” hajylygyny berjaý edip bilmeýärler. Olar Mekgede ýaşaýan döwrüniň içinde başga bir umre ybadatyny berjaý edip bilmez. Gurban aýynyň 8-nji güni hajylyk üçin ihrama girýärler we “ifrad” hajylyk ybadatyny berjaý edýärler. Eger olar haj aýlary gireninden soňra umre ybadatyny berjaý etjek bolsalar, onda “temettu” ybadatyny edip bilmezler. Bu ýalňyş hereketleri sebäpli, jerime gurbanlyk çalarlar.

“Ifrad” hajylygy

Diňe haj üçin ihrama girip, umresiz berjaý edilen hajylyk ybadatydyr.

Şeýle görnüşde berjaý edilýär:

·  Ihrama girmezden öň, ösen dyrnaklaryňy kesmeli.

·  Goltugyň we gasygyň gyllaryny arassalamaly.

·  Saç-sakgalyňy syrmaly.

·  Boýtäreti ýa-da adaty täret almaly. Has amatlysy boýtäretidir.

·  Bar bolsa, hoşroý atyr sepinmeli.

·  Erkekler ähli eşiklerini çykaryp, täze ýa-da arassalanan “izar” we “rida” diýlen iki bölek ihramy eginlerine sararlar. Başlary açyk we aýaklary ýalaňaç galmalydyr. Ýöne topuklary we üsti açyk bolan aýakgaby geýip bilerler.

Billerine guşak guşanyp bilerler, eginlerine bukja asyp bilerler. Saýawan ulanmak hem bolar.

Zenanalar adaty egin eşikleri bilen ihrama girerler. Üsti ýapyk aýakgaby, jorap we ellik geýmeklerine-de garşylyk ýokdur. Ýöne ýüzlerini açyk tutmalydyrlar. Ýerliksiz hasaplanylýan wagt bolmasa, iki rekagat ihram namazyny okarlar (birinji rekagatda “Fatihadan” soňra “Kafirun”, ikinji rekagatda bolsa “Ihlas” sürelerini okamagy has peýdalydyr).

Namazdan soňra: “Allahym, hajylyk ybadatyny berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et” diýip niýet etmeli. Mundan soňra-da: Belent ses bilen telbiye okalýar. Zenanalar bolsa bu ýerde seslerini gataltmazlar. Şeýlelik bilen ihrama girilen we ihramyň gadagan edýän zatlarynyň hem wagty başlan hasap edilýär. Mundan soňra tikilen ýa-da örülen eşik geýilmeýär, başlar we ýüzler hem örtülmeýär. Saç-sakal syrylmaýar we endamdan gyl ýolunmaýar. Dyrnaklar kesilmeýär, hoşroý atyrlar sepilmeýär. Harem etrabynyň ösümlikleri goparylmaýar. Beýleki adamlar bilen dawa-jenjel edilmeýär, ýaramaz, göwne degiji, gödek sözler aýdylmaýar. Ýanlarynda bolan ýanýoldaşlary bilen jynsy gatnaşyga girilmeýär, jynsy gatnaşyklara alyp barjak hereketlerden hem uzak durulýar. Ihram süresi boýunça aýakdaka, otyrka, ýatyrka, ýöreýän döwründe, ulagdaka telbiýe aýtmaklygy dowam etdirerler. Mekgede bolunjak ýere gelip, ýerleşilenden soňra Harem-i Şerife gidilýär. Gapysynyň agzynda telbiýe aýtmak bes edilýär, tekbir, tehlil we salawaty şerife okalyp, örän edeplilik we sypaýyçylyk bilen içerik girilýär. Beýtullah görnen dessine, üç gezek tekbir we tehlil aýdylyp, doga okalýar. Mesjid-i Haramda parz namaz okalmaýan bolsa, derrew togaba başlanylýar. Muňa “Kudum togaby” diýilýär. Şeýle görnüşde niýet edilýär: “Allahym, seniň razylygyň üçin kudum togaby hökmünde 7 öwrüm togaby berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et”.

Togapdan soňra mümkinçilik bolsa, “Makamy Ybraýymda”, bolmasa-da, “Haremi Şerifiň” amatly bir ýerinde iki rekagat togap namazy okalýar we doga edilýär. Hajyň saýy Kudum togabyndan soňra berjaý ediljek bolsa, togapda “yztyba” we “remel” ybadaty hem berjaý ediler. Togapdan soňra hajyň saýyny berjaý etmek üçin Safa depesine gidilýär. Safa bilen Merwe arasynda ýedi gezek saý (gidip-gelme) berjaý edilýär. Saý Safadan başlanylýar, Merwede hem tamamlanýar. Mundan soňra ihramly görnüşde Mekgede ýaşalýar.

“Terwiýe güni” (Gurban aýynyň 8-nji güni) bolanda, Mekgeden aýrylyp, Minä ýa-da Arafada tarap hereket edilýär. Minä gidilse öýlän, ikindi namazlary “Nemire Metjidinde” ýa-da çadyrlarda öýlän wagty ikisini birlikde “jemi takdim” bilen okarlar. Namazlardan soňra mümkin bolsa “Jebeli Rahme” ýakynlarynda, mümkinçilik bolmasa çadyrlarda wakfe berjaý edilýär. Uzak günläp telbiýe, tekbir, tehrir, tesbi, Gurhan okamak, doga etmek, toba we essapyrylla aýtmak ýaly ybadatlar berjaý edilýär. Gün ýaşanyndan soňra agşam namazyny okamazdan Müzdelifä tarap hereket edilýär. “Meşari Haram” ýakynynda amatly bir ýerde düşülýär. Agşam we ýassy namazlary, ýassy wagtynda “jem-i tehir” (gijikme) bilen okalýar.

Baýram gijesi bu ýerde geçirilýär. Amatly bir wagtda şeýtan daşlamada ulanyljak kiçijik daşlar ýygnalýar we ýuwlup, arassalanyp bukja salnyp goýulýar.

Wagty giren dessine ertir namazy derrew okalýar. Namazdan soňra wakfe ybadaty berjaý edilýär. Bu wakfede hem doga we essapyrylla (Estagfirulla. Bellik nejatdin.de)  aýtmak ýaly ybadatlar edilýär. Daş-töwerek ýagşy açylandan soňra gün dogmanka, Minä tarap hereket edilýär. Minä gelnen wagtynda Akabe jemresine barylýar we oňa 7 sany daş atylýar. Soňra saç-sakal syrylýar ýa-da gysgaldylýar. Şeýlelik bilen ihramdan çykylan hasap edilýär.

Mundan soňra Mekgä gidilip, parz hasaplanylýan zyýarat togaby berjaý edilýär.

Zyýarat togabynyň baýramyň birinji gününde berjaý edilmegi peýdalydyr. Şol gün bolmasa, onda ikinji ýa-da üçünji güni berjaý edilýär. Sebäpsiz ýere üçünji gün gün batanyndan soňa galdyrylan ýagdaýynda, onda jerime gurbanlyk zerurdyr. (Bu Ebu Hanifä görädir. Beýleki messeplere görä bolsa, sünnete egilşik edilmedigi üçin diňe mekrudyr, jerime hökman däldir.)

Zyýarat togabyndan soňra gaýtadan Minä gaýdylyp gelinýär. Şeýtan daşlama günlerinde Minede bolmak, şol ýerde gijelemek sünnetdir.

Baýramyň ikinji güni öýländen soňra tertibi boýunça ilki kiçi, soňra orta we iň soňunda-da Akabe jemrelerine 7 sany (her birine) daş zyńylýar.

Kiçi we orta jemrelere daş zyńylandan soňra bir gyrada kybla tarapa öwrülip doga okalýar. Akabe jemresine daş zyńylandan soňra bolsa, garaşylman, derrew şol ýerden uzaklaşylýar. Baýramyň üçünji güni-de ikinji günde bolşy ýaly, öýländen soňra kiçi, orta we Akabe jemrelerine 7 sany daş zyńylýar.

Mekgä gidilmek üçin howlugylýan bolsa, onda daşlar zyńylandan soňra gün batmazdan öň Mineden aýrylmak sünnetdir. Gün batanyndan soňra aýrylmak bolsa mekrudyr.

Baýramyň dördünji güni ertir irden daň ýeri agarmazdan öň Mineden gaýtmadyklar şol gün hem her bir üç jemrä 7 sany daşy zyńarlar. 4-nji gün daşlaryň öýländen öň zyńylmagy Ebu Hanifä görä jaýyzdyr.

Daşarydan gelenler Mekgeden gaýtjak wagtlary hoşlaşyk togabyny berjaý edip, aýrylarlar.

“Temettu” hajylygy

“Temettu” hajylygyna degişli ybadaty haj aýlarynda umreligi we hajylygy aýry-aýry ihramlar bilen berjaý etmekdir. “Temettu” hajylygyna degişli ybadaty berjaý etmek üçin “mikatda” (ýörite bellenilen çäklerde) ihrama girilýär we “Allahym, seniň razylygyň üçin umre ybadatyny berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et” diýip, umre üçin niýet edýär.

Umre togaby berjaý ediljek wagtda bolsa: “Allahym, seniň razylygyň üçin umre togabyny berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et” diýip, niýet edilip, umre togaby berjaý edilýär. Togapdan soňra saý ybadaty berjaý ediljekdigi üçin togapda “yztyba” we ilkinji üç öwrümde “remel” ybadaty hem ýerine ýetiriler.

Togapdan soňra umreniň saýy hem berjaý edilenden soňra saç-sakal syrylyp, ihramdan çykylýar.

Gurban aýynyň 8-nji güni ihram üçin zerur bolan arassaçylyk we taýýarlyk görleninden soňra iki rekagat ihram namazy okalýar we: “Allahym, hajylyk ybadatyny berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et” diýip, hajylyga niýet edilýär we telbiýe aýdylyp, gaýtadan ihrama girilýär.

Bir adam hajylygyň saýyny zyýarat togabyndan öň ýerine ýetirmek islese, ony berjaý edip biler. Bu ýagdaýda ilki nepil bir togap, ondan soňra- da hajylygyň saýyny ýerine ýetirer. Şeýlelikde, hajylygyň wajyplaryndan biri bolan saýyny berjaý edendigi üçin zyýarat togabyndan soňra saý ybadatyny berjaý etmez. “Temettu” hajylygy üçin ihrama giren adam baýram gün ertir irden tertibi boýunça Akabe jemresine daş zyńar, gurbanlygyny çalar we saç-sakalyny syryp, ihramdan çykar.

Mundan soňra “ifrad” hajylygyna niýet eden adamyňky ýaly ybadatlary berjaý eder.

“Kyran” hajylygy

“Kyran” hajylygy umre we hajylygyň ihramyny birleşdirmek diýmekdir. “Kyran” hajylygyny berjaý etmek üçin “mikatda”: “Allahym, seniň razylygyň üçin umre we hajylyk ybadatyny berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet, ony maňa aňsat et we bu ybadatymy kabul et” diýip, niýet edilýär we telbiýe aýdylýar. Şeýdip, “Kyran” hajylygy üçin ihrama girilen hasap edilýär.

“Kyran” hajylygyna niýet eden adam “temettu” hajylygyna niýet eden adam ýaly ilki umre togabyny berjaý edýär. Bu togapda hem “yztyba” we ilkinji üç öwrümde “remel” bardyr. Togap namazy okalandan soňra öwrüme gidilýär we umreniň saýy berjaý edilýär.

Umre saýyndan soňra saç-sakal syrylmaýar we ihramdan çykylmaýar, bir dynç alnanyndan soňra, kudum togaby berjaý edilýär.

Eger islenilse, onda hajyň saýy hem bu togapdan soňra ýerine ýetirilip bilner. Bu ýagdaýda togapda “yztyba” we ilkinji üç öwrümde “remel” ybadaty berjaý edilýär.

“Kyran” hajylyk ybadatyny edýän adam ihramly görnüşde Mekgede galýar we Gurban aýynyň 8-nji güni bolanda, Arafata gidýär. Mundan soňra “temettu” hajylygyny berjaý edýän adam ýaly baýram güni ertir irden tertibi boýunça Akabe jemresine daş zyńýar, soňra gurbanlyk çaýlar we saç-sakal syryp, ihramdan çykýar. Mundan soňraky ybadatlarda “ifrad”, “temettu” we “kyran” hajylygyny berjaý edenleriň arasynda üýtgeşiklik ýokdur.