Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » TARAWA NAMAZY

Tarawa namazy ýigrimi rekagatdyr. Erkekler we zenan maşgalalar üçin sünnet-i müekkedir. Tarawa namazy Oraza aýynda okalýar. Ýarawsyzlyk ýa-da ýola-sapara çykma sebäpli oraza tutmaýan adamlaryňda tarawa namazy okamaklary sünnetdir. Tarawa namazynyň metjitde köpçülik bolup okalmagy sünnetdir we örän peýdalydyr, sogaby köpdür. Öýde özbaşdak we köpçülik bolup okalyp bilner. Ýöne metjitde okamak örän ýerliklidir we faziletlidir. Mähriban pygamberimiz bu hakda şeýle diýipdir:

“Faziletine ynanyp, ýagşylykdyr peýdasyna umyt edip Allanyň razyly üçin Oraza aýynyň gijelerini ybadat bilen geçiren (tarawa namazyny okan) adamyň günäleri bagyşlanylar.” (Buhary, Iman, 27.)

Tarawa namazy ýassy namazyndan soňra okalar. Ýassydan öň okalmagy jaýyz däldir. Witir namazy Oraza aýynda tarawa namazyndan soňra okalar. Tarawa namazyndan öň hem okalyp biler. Ýigrimi rekagat bolan tarawa namazy her iki rekagatyň soňunda salam berlip okalar. Dört rekagatdan bir salam berlip hem okalyp bilner. Her bir ýagdaýda-da namaz dowam etdirilip, jemi ýigrimi rekagat tamamlanylar. (Tarawa namazynyň hemmesi bir namaz hökmünde bolandygyna görä, başdaky bir niýet ýeterlik bolsa-da, aralarda berlen salamdan soňra namazdan çykylýandygy sebäpli gaýtadan, täzeden namaza başlanyňda täzeden niýet edilmegi has ýerlikli hasaplanylýar. (Reddül-Muhtar, J, s. 473))

Dört rekagatde bir salam berip, tarawa namazyny okan adam ikinji rekagatde oturmadyk bolsa, onda okan dört rekagaty iki rekagat hasaplanylar. Her iki rekagatdan bir gezek oturmak şerti bilen namaza dowam etdirip, jemi ýigrimi rekagatyň soňunda salam berse, namaz tamamlanylar. Ýöne tarawanyň beýle görnüşde okalmagy mekrudyr.

Tarawa namazyny hatym bilen okamak sünnetdir. Wagtynda okalmaýan tarawa namazy soňra kaza edilmez. Ymam we köpçülikden hiç kim ýassy namazyny okamadyk bolsalar, tarawa namazyny köpçülik bilen okamazlar. Çünki tarawa namazynyň köpçüligi ýassy namazynyň köpçüligini özüne tabyn edýändir. Ýassy namazyny özbaşdak okan adam tarawa namazyny ymama uýup, köpçülik bilen okap biler. Tarawa namazyny ymam bilen okamadyk adam witir namazyny ymam bilen okap biler.

Her bir dört rekagatyň soňunda biraz oturmak ýerliklidir. Bu oturyşda islese, Tekbir, Biribarlygy tassyklama gaýtalamasyny (tehlil): “la ilahe illallah” we salawat-y şerife bilen meşgul bolar, islese-de dymar. Her bir iki rekagatdan soňra oturmak bolsa mekrudyr.

Tarawa namazyny okadan ymam okaýşy uzaldyp, köpçüligi ýigrendirip, dargatmakdan saklanmalydyr. Çünki köpçüligiň sanyny artdyrmak namazda labyzly okuwy (Gurhan okamaklygy) uzaltmakdan has bähbitlidir. Ýöne Fatihadan soňra üç sany gysga aýat okamak ýa-da üç sany gysga aýat çemesi bir uzyn aýatdan gysga okamaklygyň mekru bolandygy sebäpli namazy okadan adam bulara örän seresapli we oýlanyşykly çemeleşmelidir.

Ymam harsallyga ýol bermeli däldir, çalt okadyp, namaza bir nogsanlyk getirmeli däldir, harplary dogry we dürs okamaly we özüni dini düzgüne görä oňat alyp barmalydyr. Her iki rekagatyň başynda Sübhanekäni we Euzü-Bismillany, Ettehiýýätüden soňra Allahümme Sallini, ruku we sejdeleride tekbirleri terk etmekden saklanmalydyr.

Iki rekagatdan bir salam berilýän tarawanyň köpçülik bilen okalyşy

Ýassy namazynyň ahyrky sünneti okalandan soňra tarawa namazyna başlanýar.

Namazy okatjak ymam “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin tarawa namazyny okamaga, uyanlara ymam bolmaga” diýip niýet edip, tekbir alyp, gollaryny gowşurar.

Ymamyň yzynda namaz okamakçy köpçülik hem “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin tarawa namazyny okamaga, uýdum bu ymama.” diýip niýet eder we ymamyň tekbirinden soňra, “Allahü Ekber” diýip tekbir alar we gollaryny gowşurar.

Mundan soňra ymam we köpçülik sessiz “Sübhanekäni” okar. Sübhaneke okalyp gutarylanyndan soňra, (köpçülik dik durup hiç zat okamaz) ymam sessiz “Euzü-Bismillany”, daşyndan bolsa Fatiha bilen bir süräni okar. Köpçülik bilen bilelikde ruku we sejdeleri berjaý edeninden soňra ikinji rekagat üçin ýokary turulýar.

Bu ýerde ýene ymam içinden Bismillany, daşyndan hem Fatihany we bir süräni okap, köpçülik bilen bilelikde ruku we sejdeleri berjaý edip oturylýar.

Bu oturyşda ymam we köpçülik Ettehiýýatüni, Allahümme Sallini, Allahümme barik bilen Rabbena atina... dogasyny okap salam berilýär. Şeýlelik bilen iki rekagat tamamlanýar.

Ýeriňden turup, beýan edişimiz ýaly görnüşde iki rekagat–iki rekagatdan okalmagy dowam etdiriler we jemi ýigrimi rekagat tamamlanylar. Mundan soňra üç rekagatly witir namazy hem köpçülik bilen okalar.

Iki rekagatdan bir salam berilýän tarawanyň özbaşdak okalyşy

Özbaşdak namaz okamakçy bolan adam “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin tarawa namazyny okamaga.” diýip niýet etmeli we edil ertir namazynyň iki rekagat sünneti ýaly okalar.

Ýigrimi rekagat gutarýança iki rekagat-iki rekagat görnüşde edilip okamaklyk dowam etdirilýär, tarawa tamamlanandan soňra-da witir namazy okalýar.

Dört rekagatdan bir salam berilýän tarawanyň köpçülik bilen okalyşy

Namazy okatjak ymam we köpçülik ýokarda beýan edişimiz ýaly niýet edip, tekbir alar aýdar we gollaryny gowşurar. Ymam we köpçülik içinden Sübhanekäni okanyndan soňra (köpçülik başga hiç zat okamaz), ymam içinden Euzü-Bismillany, daşyndan Fatihany we bir süräni okap, ruku we sejdeleri berjaý edip, ikinji rekagat üçin ýerinden turar.

Bu ýerde ymam içinden Bismillany, daşyndan bolsa Fatiha bilen bir süräni okap, ruku we sejdeleri berjaý ederler. Ikinji rekagatyň soňundaky bu başky oturyşda ymam we köpçülik Ettehiýýatüni, Allahümme Sallini, Allahümme bariki okar we üçünji bölüm üçin ýerinden turar.

Üçünji bölümiň başynda hem ymam, hem-de köpçülik içinden Sübhanekäni okar. Soňra ymam içinden Euzü-Bismillany, daşyndan Fatihany we bir süräni okar. Soňra ruku we sejdeleri berjaý edip, dördünji bölüm üçin ýerinden turar.

Ymam içinden Bismillany, daşyndan-da Fatihany we bir süräni okap, ýene ruku we sejdeleri berjaý edip, dördünji rekagat üçin oturarlar. Bu oturyşda-da ymam we köpçülik Ettehiýýatüni, Allahümme Salli-ni, Allahümme bariki we Rebbena atina... dogasyny okanyňdan soňra salam berler. Şeýlelikde, tarawa namazynyň başky dört rekagaty okalyp gutarylýar.

Mundan soňra ýeriňde turup, edil beýan edişimiz ýaly, dört rekagat dört rekagatdan okamaklyk dowam etdiriler we jemi ýigrimi rekagat tamamlanylar.

Dört rekagatdan bir salam berilýän tarawanyň özbaşdak okalyşy

Özbaşdak namaz okamakçy bolan adam “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin tarawa namazyny okamaga.” diýip niýet etmeli we edil ikindi namazynyň sünneti ýaly okalar. Arasyndaky tapawut diňe niýetiň üýtgeşik bolmaklygydyr. Şeýlelikde, rekagatlar dört-dörtden okalyp, jemi ýigrimä ýetirilip tamamlanylar.