Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » ZEKAT

Yslam dininiň bäş sany şertinden biri bolan zekat mal bilen edilýän ybadatdyr, hijri hasabynyň ikinji ýylynda parz edilipdir.

Zekat malyň belli bir bölegini musulman bolan bir garyba bermek diýmekdir.

Zekaty berme zamany geleninde ony gijä galdyrman, dessine berjaý edilmegi zerurdyr. Sebäpsiz ýere zekatyny gijä galdyran günäkär bolar.

Zekatyň ähmiýeti

Dinimiz jemgyýetiň rahatlygydyr batglylygyna örän uly ähmiyet berýär, muny durmuşa ornaşdyrmak üçin hem birnäçe esaslary öňünde goýýar. Şolaryň biri-de zekatdyr. Dinimiz zekaty parz edip, barly we gurply adamlara mallarynyň we pullarynyň belli bir bölegini her ýyl yzygiderli görnüşde garyp-gasarlara, ýoksullara, kömege mätäçlik çekýänlere bermekligi emir edipdir.

Zekat islege görä edilýän bir kömek däl-de, garybyň haky we barlynyň bolsa berjaý etmekligi zerur bolan bır wezipedir.

Bu babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýlip buýruk berlipdir:

“Olaryň mallarynda mätäçlik çekýänler we ýoksullar üçin bir hak bardyr.”(Zariýat: 19)

Zekatyň yslamyň bäş sany şertiniň arasynda orun almagy we mukaddes Gurhanyň birnäçe ýerinde namaz bilen birlikde agzalyp geçilmegi onuň dinimizde nähili ähmiýetli bir ybadat bolandygyny görkezýär.

Yslamyň jemgyýetiň we köpçüligiň dertlerini paýlaşmak we ony dertlerden halas etmek hem-de onuň mätäçliklerini üpjün etmek üçin getiren esaslarynyň biri bolan zekat bir jemgyýetçilik hemaýatdyr hossarlyk sistemasydyr.

Zekat we beýleki birek birege kömek berme barly bilen ýoksulyň arasyndaky serwet (baýlyk) tapawudyndan döräp biljek deňsizlikleri aradan aýryp, jemgyýetde rahatlygyň döredilmegini ýola goýar.

Mukaddes Gurhanda zekat meselesi bilen baglanyşykly şeýle diýlip bellenilýär:

“Şol malyňyz içiňizden barly bolanlaryň arasyndan ondan-oňa geçen bir serwet ýagdaýyna gelmesin.” (Haşr: 7)

Zekat sözüniň sözlükdäki manylarynyň biri-de “tämizlemekdir”. Zekat barlynyň malyny ýoksuldyr garybyň hakyndan arassalaýşy ýaly, onuň ýüregini-de gysgançlykdan saplar we günälerden arassalanmagyna serişde bolar. Bu hakda mukaddes Gurhanda beýik Allatagala:

“(Eý Muhammet!) Olaryň mallaryndan, olary özleri bilen saplajak we tämizlejek bolan bir sadaka (zekat) al we olara doga et...” (Toba: 103) diýip, bu hakykaty beýan edipdir.

Zekat maly bereketlendirer, onuň ösmegini we köpelmegini ýola goýar. Zekatyny bermek bilen ýoksullara kömek edenleriň mallarynyň artýandygy bilnen bir hakykatdyr. Bu ýerde şatlandyrylan garyp göwnüniň uly rolunyň bolandygyna şübhe ýokdur. Mukaddes Gurhanda şeýle diýlip bellenilýär:

“Siz Alla üçin näme berýän bolsaňyz, Alla hem onuň öwezine (has oňadyny) berer.” (Sebe: 39)

Allatagala bu aýatda berlen zekatyň ýerine onuň öwezini berjekdigine wada edipdir.

Zekata “sadaka” hem diýilýär. Sadaka sadyk bolmak manasyny beýan edýär. Şoňa görä zekat bir musulmanyň Allatagala gulluk etmekde sadyk we tüýs ýürekden bolandygyny görkezýän bir ybadatdyr.

Yslam dini bütin musulmanlary bir göwre, bir jan ýaly kabul edýär.

Hormatly Pygamberimiz şeýle diýip belläpdir:

 “Ähli musulmanlar bir adam ýalydyrlar, biriniň başy agyrsa, hemmesiniň başy agyran dek bolar, biriniň gözi agyrsa, barynyň gözleri agyran ýaly bolar.” (Jamius-sagyr (Hadysy, Müslim we Ahmat b. Hanbel rowaýat edip aýdypdyr.))

Edil ýeke-täk bir göwre görnüşinde kabul edilen jemgyýetde musulmanlardan biri haýsy hem bolsa bir kynçylyga duş gelse, şol jemgyýetiň organlary ýagdaýynda bolan beýleki musulmanlar birmeňzeş kynçylygy duýar we ony aradan aýyrmaga çalşar.

Jemgyýetiň iň aşaky gatlagyna we kömege mätäç bolan bölümine gözegçilik etmek hem-de oňa ýardam bermek, olaryň kynçylyklarynyň öňüni almak barly adamlaryň boýnuna düşen bir wezipedir.

Bir jemgyýetde gününi dolandyryp bilmeýän we biçärelikden ýaňa telmurýan, iki baka elewreýän garyp-gasar adamlar barka, bolçulykda, depseň deprenmez diýilýän durmuşda ýaşaýan adamlaryň olara biperwaý garamagy gaty geň hadysa dälmi eýsem?!

Ýaşaýan ýurdunyň abadançylygy saýasynda gazanyp, bol-elin ýaşaýşa ýeten barly adamlar özüniň ýygnan baýlygyna basyrynyp, köpçüligiň hal-ýagdaýyna nädip göz ýumup biler ahyry?! Olaryň dertleridir kynçylyklary bilen ýakyndan gyzyklanmak barlylaryň wezipesidir, şeýle hem kämil musulman bolmaklygyň bir kesgitlemesidir. Ýaşaýan köpçüligindäki adamlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanmaýan adamlar hakynda Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Duldegşir goňşusy açka, özi dok ýaşaýan musulman, aslynda kämil bir musulman däldir.” (Et-Tergib wet-Terhib, j. 3, s.358 (Hadyslar. Taberany rowaýatyna görä))

Bizi ýaradan we ýaşadan Alla bize nähili nygmatlary eçilen bolsa, biz hem şolary bir bölegini eli ýuka, ýeter-ýetmez adamlara we mätäçlik çekýänlere bermeklige hem-de olaryň kynçylyklarynyň öňüni almaklyga borçludyrys.

Barly adamlar zekatlaryny yzygiderli we düzgüne laýyk görnüşinde mätäçlere beren ýagdaýlarynda köpçüligi biynjalyk edýän durmuş deňsizligini aradan aýryp, Allanyň razylygyny we adamlaryň söýgüsini gazanýarlar. Şeýlelikde, birek-birege mähirlilik, söýgi we hormat goýmak esasynda garşylykly ynanç duýgusy döreýär, görebilmezçilik, göriplik aradan aýrylýar, netijede, jemgyýetde ýaşaýan adamlaryň arasynda durmuş taýdan birek-biregi goldamaklygyň ajaýyp nusgasy emele gelýär.

Zekatyň parz bolmagynyň şertleri

Her bir adamyň zekat bermek bilen baglanyşykly kämil adam bolmaklygy üçin, adamyň özünde we eýeçilik edýän barlygynda bir topar şertler zerurdyr.

Mal eýesinde bolmaly şertlere şular degişler:

1. Musulman bolmak.

2. Ýetginjeňlik döwrüne ýeten bolmak.

3. Akylly-başly bolmak.

4. Erkin-azat we özbaşdak bolmak.

5.Malyň tutuş bahasy çemesi bergisi bolmazlyk ýa-da bergisi bolan halatynda galan mukdary nisap mukdaryndan az bolmazlyk.

Musulman bolmaýanlaryň, ýetginjeňlik ýaşyna ýetmedik çagalaryň (Şafilere görä, çagalaryň we dälileriň mallaryndan hem hem zekat berilmelidir. Bu wezipäni ýerine ýetirmek jogapkärçiligi ene-atalara düşýär.) şeýle hem kemakyldir azatlygy öz elinde bolmaýan gullaryň zekat bermekligi parz däldir. Elinde nisap mukdary ýa-da onadan has köp maly bar hem bolsa, şonça ýa-da şondan köp mukdarda bergisi bolsa, onda şol adamyň hem zekat bermekligi dogry däldir.

Malda bolmaly şertlere şular degişlidir

1.Malyň nisap mukdarda bolmagy.

2. Malyň hakykatdan ýa-da takmynan artan görnüşde bolmagy.

3.Nisap mukdardaky malyň üstünden bolmanda bir ýyl geçen bolmagy hökmanydyr.

Nisap: dinimiziň goýan ölçeg mukdarydyr. Bergisinden we asyl zerur bolan ätiýaçlaryndan başga maly we puly bolan adam dini taýdan barly adam hasaplanylýar we şol barlygyň üstünden bir ýyl geçen bolsa, onda ol adam zekat bermeklige borçludyr. Maly ýa-da puly nisap mukdaryna ýeten bolsa, ýöne üstünden bir ýyl geçmedik bolsa, onda ol adam zekat bermeklikde borçly hasaplanylmaýar.

Söwda-satlyk harytlar bilen süýdüdir guzulap köpelmegi üçin ýetişdirilýän haýwanlar hakyky köpelýän mallara degişlidir. Elde bar bolan altyn, kümüş we nagt pul bilen, pul ýerine ulanylýan dürli gymmaty bolan (bank kagyzy, çek ...) bankyň bahaly we ähmiýetli pul birlikleri hem köpeliji häsiýete eýedir.

Nisap mukdary malyň üstünden doly bir kamary ýylyň geçmekligi hökmanydyr. Malyň ýyl başynda nisap mukdarynda bolmagynyň zerur bolşy ýaly, ýyl ahyrynda-da şol mukdarda bolmagy şertdir. Ýyl içinde mallardyr harytlaryň kemelmegine ähmiýet berilmez. Sene içindäki artyşlar aýry-aýry hasaplanylmaz, bularyň bary eldäki bar bolan mala goşulyp, ýyl ahyrynda hemmesiniň zekaty berler.

Ýyl başynda nisap mukdarynda bolan bir mal ýa-da haryt kemelip, nisap mukdaryndan aşak düşen halatynda, ýagny ýyl ahyrynda nisap mukdaryna ýetmese, onda şol malyň eýesiniň mundan zekat bermegi hökman däldir. Gaýtadan nisap mukdaryna ýetse, onda şol wagtdan başlap, üstünden bir ýyl geçeninde zekat bermek zerurdyr.

Nisap mukdary:

Altyn: 80.18 gr. (20 mysgal)

Kümüş: 561 gr. (200 dirhem)

Pul: altyn ýa-da kümüş nisap mukdaryna ýeten pul.

Söwda-satlyk harydy: altyndyr kümüş nisap mukdaryna ýeten pul haryt.

Goýun we geçi: kyrk goýun ýa-da geçi.

Sygyr: otuz sygyr.

Düýe: bäş düýe.

Asyl ätiýaçlar

Bir adamyň we maşgala eklemeklige mätäç bolan adamlara zerur bolan esasy ätiýaç bolan zatlaryna “hawaij-i asliýe” = “asyl ätiýaçlar” diýilýär.

Ýaşaýyş jaýlary, zerur bolan goş-golamlar, egin-eşikler, ulaglar, söwda-satlyga degişli bolmaýan kitaplar, sungat işgärleriniň abzallary, bir ýyllyk zerur bolan girdeji esasy ätiýaçlardyr. Bular üçin zekat bermek hökman däldir.

Altyn we kümüşden başga söwda-satlyk bolmaýan hünji, zümrüt, al- maz ýaly bezeg daşlaryndan-da zekat talap edilmeýär. Birine degişli bolup, soňra şol adamyň elinden çykan, şeýle hem oňa gaýdyp gelmejek bolan maldyr harytlardan hem zekat bermeklik talap edilmeýär.

Inkär edilen we subut etmekligi mümkin bolmaýan algylylardan, deňze gaçyp çykarylmaýan harytlardan, sähralarda gizlenilip, soňra ýeri unudylan pullardan hem zekat talap edilmeýär. Ýöne günleriň birinde ele salynsa, onda şol wagtdan başlap, üstünden bir ýyl geçse, nisap mukdaryndan artyk bolsa, zekat bermek zerurdyr.

Bir adamyň nisap mukdary harydy ýa-da puly bolsa, şeýle hem şonça mukdarda-da bergisi bolsa, onda oňa zekat bermek hökman däldir. Bergisini töläninden soňra, elinde nisap mukdarynda harydy ýa-da puly galsa, onda şolaryň zekatyny bermäge borçludyr. Eger nisap mukdaryndan az bolsa, zekat bermek hökman däldir.

Söwda-satlyk üçin bolmaýan öý, dükan, abzaldyr gural we ýük, adam daşamak üçin ulanylýan ulaglardan zekat talap edilmez. Olaryň kireýinden we girdejisinden alnan pullaryň üstünden bir ýyl geçen bolsa, şeýle hem beýleki pullara goşulan bolsa, onda şolardan hem zekat bermek zerurdyr.

Eger bir mal ýa-da haryt zekat parz bolanyndan soňra, heniz zekat tölenmänkä, zaýa bolsa, onda zekaty aýrylar. Malyň belli bir bölegi harap bolsa, şol bölegiň zekaty aýrylar. Mal ýa-da haryt bilkastlaýyn ýok edilse, onda zekat aýrylmaz, onuň zekatyny hökman bermelidir.

Zekatyň hakyky bolmagynyň esasy şerti

Namazda we orazada niýetiň şert bolşy ýaly, bir ybadat bolan zekatyň hakyky bolmagy üçin hem niýet etmek şertdir.

Zekaty garyp-gasara beren wagtyňda ýa-da olara bermek üçin bölen halatyňda, onuň zekatdygyna ýörite niýet etmelidir. Dil üstü bilen aýdylmagy hökman däldir. Bir zady ýa-da puly garyp-gasara beren wagtyň, onuň zekatdygyna ýürekden niýet etmekligiň we muňa ynanmaklygyň ýeterlikdir. Zekatdygyny aýtman, onuň sadakadygyny aýtsaň hem berlen zat ýa-da pul ýene-de zekatdyr. Iň esasy zat berlen zadyň zekatdygyna niýet edilmegidir.

Garyp-gasara zekat niýeti bilen berilmeýän pul we haryt, onuň elinde bolsa, zekata niýet edilmegi ýerliklidir. Eger garybyň elinden çykan bolsa, onda zekada niýet edilmeýär.

Zekat bermeklige jogapkär bolan adam zekaty hut özüniň berşi ýaly, başga birini hem wekil edip biler. Iki ýagdaýda-da zekaty berýän adamyň niýet etmekligi esasy şertdir. Wekiliň eýesiniň ýerine eden niýeti ýerlikli hasaplanylmaýar.

Şol sebäpli zekat berjek adam birini wekil etjek bolsa, onda bermekçi bolýan zadyny wekile tabşyran halatynda zekat üçin niýet etmegi möhümdir.

Wekil bellenilen adam garyp-gasarlara paýlamak üçin özüne berlen zekaty özüne almaz, ýöne ýeter-ýetmezçilikdäki ýakynlaryna berip biler.

Bir adam elindäki zatlaryň baryny ýeter-ýetmez,garyp adamlara sadaka görnüşinde berse, onda zekat ondan aýrylar. Eger zatlaryň belli bir bölümini sadaka hökmünde paýlasa, diňe şol paýlan bölüminiň zekaty ondan aýrylýar.

Zekat berilmegi zerur bolan mallar

Zekat berilmegi zerur bolan zatlar olaryň nisap mukdarlary we her birinden näçeräk çemesi zekat beriljek ölçegler ýörite maddalar görnüşinde aşakda berlendir.

1. Altynyň zekaty

Altynyň nisaby 80.18 gramdyr. Şundan az bolan altyna zekat düşmeýär. Nisap mukdaryna ýeten altynyň üstünden bir ýyl geçen halatynda onuň kyrkdan biriniň (2,5 %) zekat hökmünde berilmegi zerurdyr.

Altyn külçe görnüşinde, bezeg şaýy görnüşinde ýa-da gap-gajak görnüşinde-de bolup biler. Bularyň bary zekata degişlidir.

Eger altyn başga bir metal bilen garyşyk ýa-da çaýylan bolsa, şonuň köpüsi-de altyndan ybarat bolsa, onda şol hem altyn hasaplanylýar. Eger köp bölegi başga madda bolsa, onda ol altyn hökmünde hasaplanylmaýar, söwda-satlyk haryda degişli tutulyp, onuň umumy bahasyndan zekat berilýär.

2. Kümüşiň zekaty

Kümşüň nisaby 561 gramdyr. Bu mukdardan az bolsa, onda zekat düşmeýär.

Bezeg şaýlary ýa-da gap-gaç bolan kümüş nisap hasabyna ýetýän bolsa, onuň üstünden hem bir ýyl geçen bolsa, onda ol kümüşden zekat bermek hökmanydyr.

Altyndaky ýaly, kümüş hem başga metal bilen garyşyk bolsa, eger onuň köpüsi kümüşden ybarat bolsa, ýene kümmüň hasabyna urulýar. Ga- tyşyk bolan maddanyň köpüsi başga magdan bolsa, onda ol hem söwda- satlyk harydy görnüşinde hasaba alynýar.

Altyndyr kümşüň zekat düşmegi üçin olaryň agyrlyklaryna üns berilýär. Altyndan bolan bir bezeg şaýy agyrlygy boýunça nisap mukdaryndan az bolmagyna garamazdan, gymmaty nisap mukdaryna ýetse-de, oňa zekat düşmeýär. Kümüş hem edil şunuň ýalydyr.

Mysal üçin, elli gram agyrlygynda bolan bir bilezik, owadanlygy babatdan altynyň nisaby bolan 80.18 gram altynyň gymmatyna deň bolsa-da, zekada tabyn edilmeýär. Şeýle hem bir kümüş üç ýüz gram agyrlykda bol- sa-da, owadandygy babatdan nisap mukdary bolan 561 gram kümüş gymmatyna deň bolsa hem oňa zekat düşmeýär. Ýöne zekada degişli bolan başga harytdyr puly bar bolan halatynda, onda olar altydyr kümüş bilen goşulyp, tutuş gymmatlyklary nisap mukdaryna ýetse, olaryň zekatlaryny bermelidir.

3. Söwda-satlyk harytlarynyň zekaty

Haýsy jynsdan bolsa bolsun, söwda harytlarynyň gymmaty altyn ýa- da kümüşden biriniň nisabyna ýetýän bolsa, onda onuň zekaty berilmelidir.

Söwda harytlary hasaba alnan halatynda altyn we kümüşden haýsynyň garyp-gasarlaryň bähbidine peýdalydyr öýdülse, onuň nisaby esas alynýar. (Altyn we kümüşden belli bir mukdarlar nisap hasap edilýän hem bolsa, häzirki wagtda kümüş altyna garanyňda uly ýitgä sezewar bolandyr. Şoňa görä, pul we söwda harytlarynda garyp-gasarlaryň bähbidi göz öňünde tutulyp, altyn nisap hasabyny esas almak şerti bilen zekadyň berilmegi ýerlikli hasaplanylýar. Ýöne elinde nisap mukdary ýa-da has köp kümşi bolan adam zekadyny bu nisaba görä berip biler.)

Altyndyr kümüşden her biri nisap mukdaryna ýetmese, olar biri-birine, söwda harytlary-da nepil edilip, hemmesi birikdiriler we tutuş jeminiň gymmatyna görä-de zekat berler.

Dürli paýdarlar, firmalardyr guramalar tarapyndan çykarylyp, gymmatlar biržasynda alnyp satylýan harytlar söwda harytlary bolandygy sebäpli, olaryň gymmaryna görä kyrkdan biri (ýagny, 2,5 %) zekat berilmelidir.

Haýsydyr bir şirkete girdeji ýa-da çykdajy umumylygyna şärikligi bolan paýdarlaryň zekaty bolsa;

Şirket haryt alyp satmak şerti bilen söwda-satlyk edýän bolsa, onda şol şirketiň paýdarlar senetine eýeçilik edýän adam şol senetleriň gymmatyna görä kyrkdan birini (ýagny, 2,5 %) zekat bermelidir.

Şirket senagat ýa-da hyzmat bilen meşgul bolýan bolsa yagny önüm öndürýän, haryt daşaýan, reńkleme ve sowadyş ulgamyny öndürýän kärhanalaryń esasy serişdesi tehnika ýaly zatlara bagly bolsa onda şeýle gurama şärik bolan adam zekatyny elindäki paýdarlar senetleriniň gymmatyna görä däl-de, eýsem bir ýyllyk gazanjyna görä bermelidir.

4. Puluň zekaty

Elde bolan pullaryň gymmaty söwda harydy, altyn ýa-da kümüşden biriniň nisabyna ýeten halatynda zekada degşili bolýar.

Bar bolan pul özbaşdak görnüşinde nisap mukdaryna ýetmese, onda bar bolan altyndyr kümüş ýa-da söwda harytlary bilen birleşdirilip, olaryň tutuş jemi nisap mukdaryna ýetse, olaryň zekatynyň berilmegi zerur hasaplanylýar.

5. Mallaryň zekaty

Köpeltmek, süýt ýa-da ýüň almak maksady bilen ýetişdirilýän hemde ýylyň ýaryndan köp bölegini sähralarda we öri meýdanlarynda geçirýän goýun, geçi, sygyr, gylýal we düýeler sany boýunça nisap hasabyna ýeten halatynda zekat bermek zerur hasaplanylýar.

1. Düýeleriň zekaty

Düýäniň nisaby bäşdir, sany bäşden az bolan düýä zekat düşmeýär.Düýeleriň sany bäş bolup, bularyň üstünden bir ýyl geçen halatynda, dokuz düýä çenli bolan zekaty bir goýundyr. On sany düýä iki goýun zekat berilmelidir, şeýlelikde bu möçberde düýe on dörde çenli ýetse-de ýene iki goýundyr.

Düýäniň sany on bäş bolsa, on dokuza çenli üç goýundyr; Ýigrimiden ýigrimi dörde çenli bolsa, onda dört goýundyr; Ýigrimi bäşden otuz bäş düýä çenli bolsa, bir inen torumdur; Otuz altydan kyrk bäş düýä çenli bolsa, üç ýaşyndaky bir inen düýedir; Kyrk altydan altmyş düýä çenli bolsa, dört ýaşyndaky bir inen düýedir;

Altmyş birden ýetmiş bäşe çenli, bäş ýaşyndaky bir inen düýedir; Ýetmiş altydan togsana çenli, üç ýaşyndaky iki sany inen düýedir; Togsan birden ýüz ýigrimä çenli, dört ýaşyndaky iki sany inen düýe zekat berilýär.

Mundan soňra ýüz ýigrimi düýeden artyk bolan her bäş düýe üçin dört ýaşyndaky iki düýäniň üstüne bir goýun goşular. Ýüz kyrk bäş düýä çenli şeýle dowam etdirilýär.

Düýeleriň mundan soňraky sanlary üçin beriljek zekat mukdarlary fykyh kitaplarynyň degişli bölümlerinde ýörite maglumat berilýändir.

Zekat hökmünde beriljek düýeleriň inen bolmagy hökmany şertdir.

2. Sygyrlaryň zekaty

Sygryň nisaby otuzdyr, otuzdan az bolan sygra zekat düşmeýär. Sygyrlaryň sany otuza ýetip, üstünden bir ýyl geçen halatynda zekat görnüşinde iki ýaşyna giren erkek ýa-da urkaçy göle berilýär.

Sygyrlaryň sany kyrk bolanda, üç ýaşyna giren bir sygyr berilýär we kyrkdan altmyşa çenli şeýle düzgün dowam etdirilýär.

Sygyrlaryň sany altmyş bir bolanda, iki ýaşyna giren iki sany gulajyn (tüwe) berilýär. Ýetmiş bolanda, biri iki ýaşyna, beýlekisi bolsa üç ýaşyna giren iki sany tüwe; segsende üç ýaşyna giren iki sany tüwe; togsanda iki ýaşyna giren üç sany tüwe; ýüzde iki ýaşyna giren iki sany tüwe bilen üç ýaşyna giren bir tüwe; ýüz onda bolsa, iki ýaşyna giren bir sany tüwe üç ýaşyna giren iki sany tüwe berilýär.

Zekat babatda gäwmişler-de sygyr ýalydyr.

3. Dowarlaryň: goýundyr geçileriň zekaty

Goýun we geçiniň nisaby kyrkdyr. Sany kyrkdan az bolana zekat düşmeýär. Goýun we geçiniň sany kyrk bolup, üstünden bir ýyl geçen halatynda, bir goýun zekat görnüşinde berilýär we bir ýüz yigrimä çenli şeýle düzgün dowam edýär.Kyrkdan başlap, bir ýüz ýigrimä çenli bolan mukdar üçin ýörite zekat gerek däldir.

Ýüz ýigrimi birden iki ýüz bire çenli iki goýun; iki ýüz birden dört ýüze çenli üç goýun; dört ýüzde dört goýun berilýär. Mundan soňra her ýüz sany dowar üçin bir goýun üstüne goşulýar.

Geçiniň zekaty-da edil goýnuňky ýalydyr. Bularyň erkek ýa-da urba bolmagynda tapawut ýokdur. Zekat hökmünde berlen dowar goç ýa-da ene goýun hem bolup biler.

Goýun bilen geçi ownuk dowar hasaplanylýandygy sebäpli nisabyň tükel bolmagy üçin biri-biri bilen goşlup bilner. Mysal üçin, bir adamyň ýigrimi bäş goýny bilen on bäş sany geçisi bolsa, bularyň tutuş sany kyrk bolýandygy sebäpli, bir goýun zekat bermegi zerurdyr.

Sürüde goýun ýa-da geçiniň haýsynyň sany köp bolsa, onda adatça zekatyň şondan berilmegi ýerlikli hasaplanylýar. Eger sany deňeçer bolsa, onda dowar eýesiniň islegine görä berilýär. Süri diňe goýundan ybarat bolsa, onda zekatyň goýun görnüşinde berilmegi zerurdyr. Goýun ýerine geçi bermek bolmaýar. Süri tutuşlygyna geçiden ybarat bolsa, onda zekat hökmünde geçi berilýär. Geçi ýerine goýun bermek bolmaýar.

Bir ýaşyna girmedik dowarlara zekat düşmeýär, ýöne aralarynda ýaşyny bir goýun ýa-da geçi bar bolsa, onda şoňa baglylykda zekada degişli hasaplanylýar.

Göle we köşeklerde hem ýagdaý birmeňzeşdir. Mallaryň zekatlaryn- da ýörite bellenilen mallaryň berlişi ýaly, olaryň bahalary-da berlip bilner. Zekat janly dowar hökmünde berlen halatynda iň pesi ýa-da iň naýbaşysy däl, eýsem ortaça görnüşinde bolany alynmalydyr.

Ýük daşamak, münmek we ýer sürmek üçin ýetişdirilýän mallar üçin zekat bermek zerur görülmeýär. Etleri üçin semredilýän mallar bilen iň azyndan alty aý bakylan mallar-da zekada tabyn tutulmaýar.

Söwda-satlyk üçin semredilýän mallaryň zekaty beýleki söwda harytlary ýaly bahalary boýunça berilýär. At, gatyr, eşek ýaly haýwanlar üçin zekat berilmeýär. Ýöne söwda-satlyk üçin ýetişdirilýän bolsa, bularyň hem söwda harytlary ýaly zekatlarynyň berilmegi zerurdyr.

Galla önümleriniň zekaty (Hüşür)

Ýerden alynýan hasyllardan hem belli bir möçberde zekat berilmegi zerurdyr, muňa hüşür diýilýär.

Ebu Hanifä görä, bugdaý, arpa, bürünç, tüwi ýaly galla önümleri bilen garpyz, gawun, gök-önüm we miweleriň hemmesinden zekat berilmelidir. Bulardan nisap ölçegi gözlenilmeýär. Az hem bolsa, köp hem bolsa, olardan zekat bermek ýerlikli hasaplanylýar. Bu önümleriň üstünden bir ýyl geçmekligi hem ýörite şert däldir.

Ymam Ebu Ýusup we ymam Muhammede görä, galla önümlerinden we bir ýyl galyp bilen beýleki önümlerden zekat berilýär. Ýöne bularda nisap hasabynyň şerti hem gözlenilýär. Nisap hasabynyň mukdary takmynan müň kilogramdyr. (Galla önümleriniň nisaby babatda Şafii, Mäliki we Hanbeliler hem şol garaýşa eýerýärler.) Bir müň kilodan az önümlerden zekat alynmaýar.

Şeýlelikde önüm üçin häzirki wagtdaky ekerançylyk şertleriniň ýüze çykaran çykdajylary aýrylanyndan soňra, galan önümiň nisap hasabyna ýetmekligi bilen tebigy usullar bilen suwarylýan ýerlerde ondan bir, çykdajy ýa-da gol zähmeti bilen suwarylýan mellekde ýigrimiden bir möçberinde zekat berilmegi zerurdyr. Nisap mukdaryna ýeten bu önümleriň üstünden bir ýyl geçmegi hökmany şert däldir.

Zekat berilmegi zerur melleklerde öndürilýän baldan hem zekat berilmegi zerurdyr. Odun, gamyş (şeker çiňrigi muňa girmeýär) we otdan başga ýerde bitýän her bir önüme mukdaryna (azlygyna ýa-da känligine) garamazdan, zekat düşýär.

Algylardan zekat

Algylaryň üç sany görnüşi bardyr:

1.Uly möçberdäki algy: Karz görnüşinde berlen pullar bilen, söwda harytlarynyň bahasy bolan algylardyr. Bular alnan wagtynda, öňki ýyllaryň zekatlary-da bermelidir. Bu algylar inkär edilen algy bolsa, onda şol algylar alnanda, öňki ýyllaryna degişli zekatlaryny bermek hökman däldir. Algynyň ýerine öwezödeme senet ýa-da gymmat bahaly amanat kagyzlary bolan adamyň algysy uly möçberdäki algydyr.

2.Orta möçberli algy: Söwda-satlyk üçin bolmaýan, haryt garşylygyndaky algylardyr. Ulanylan eginbaşyň özüne düşýän gymmaty, bahasy ýaly.

Bular müşderiniň, alyjynyň eline geçen ýylyndan başlap zekada degişli bolýar. Ýöne olardan nisap hasaby mukdarynda ele geçmedigiçe, ondan zekat bermek hökman däldir.

3.Ujypsyz algy: Bular bir haryt ýerine bolmaýan algylardyr. Miras we wesiýet edilen mal ýa-da haryt ýaly. Bu zatlar ele geçen wagtyndan başlap, nisap mukdaryna ýetse we üstünden bir ýyl geçse, onda oňa zekat berilmegi zerur hasaplanylýar.

Zekat kimlere berilmelidir?

Zekatyň beriljek şahsy we ýerleri bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýlip bellenilýär:

“Zekatlar Alladan bir parz görnüşinde diňe garyp-gasarlara, zekat düşýänlere (zekat ýygnaýanlara), gullukçylara, göwünleri galkyndyryljaklara (ýesirlikdir gulçulykdan halas bolmak isleýänlere), ýesirlere we gullara (bergisini tölär ýaly maly bolmaýanlara), bergililere, Allanyň ýolunda bolanlara (sowalgasyz galanlara), tölär ýaly puly bolmaýan ýolagçylara mahsusdyr. Alla alymdyr we häkimdir.” (Toba: 60.)

Hut şonuň üçin zekat berilmegi zerur hasaplanylýan adamlar şulardyr:

1.Garyp-gasarlar: nisap mukdaryndan az möçberde zady bolan, dini taýdan kesgitlemä görä baý bolmaýan adamlardyr.

2.Misginler: hiçbir zady bolmaýan adamlardyr. Bular pakyrlardan, garyp-gasarlardan has erbet ýagdaýdaky adamlardyr.

3.Bergililer: Bergisinden artyk möçberde nisap mukdarynda zady bolmaýan we bergisini tölemäge güýji ýetmeýän adamlardyr.

4.Ýolagçylar: Öz ýurtlarynda zatlary bolsa-da, ülkesinden uzak düşüp, ýolda pulsuz galan, elinde sowalgasy bolmaýan adamlardyr. Bulara öz ýurtlaryna gidip biler ýaly çemesi zekat berlip bilner. Ýurduna gidip biljek puly, sowalgasy bar bolanlara zekat berilmeýär.

5.Alla üçin ýola çykanlar we Allanyň ugrunda bolanlar: Bular ýeter-ýetmezçilik sebäpli söweşe gatnaşmaýanlar ýa-da haja gitmek üçin ýola çykyp, pulsuz galanlar bilen, işini-güýjüni, öz ömrüni ylma beren adamlardyr.

Özlerine zekat berlip bilen adamlaryň her birine aýry-aýry zekat berlişi ýaly, olaryň diňe birine-de berip bolar.

Garyp-gasarlara zekat berlen halatynda şu tertibi saklamak ýa-da gözden salmazlyk örän ýerliklidir:

a.       öňi bilen pakyr bolan doganlar,

b.      doganoglanlar,

c.       dolananlar,

d.      olaryň çagalary

e.       beýleki ýakynlar we mähremler,

f.        goňşy-golamlar,

g.       işdeş ýoldaşlar,kärdeşler,

h.       zekat berjek adamyň ýaşaýan oba ýa-da şäher ilaty.

Haýsydyr bir adam öz ýakynlary mätäçlik çekýärkä, olary taşlap, başga birine zekat berse, onda ol zekat bergisini tölemek bilen bir hatarda onuň sogabyny gazanyp bilmez.

Zekat, şol zadyň bolan ýerindäki garyp-gasarlara berilýär, başga bir ýere iberilmegi mekrudyr. Ýöne başga ýerde ýakynlary we mätäçlik çekýänleri bar bolsa, onda zekatyň olara iberilmeginiň zyýany ýokdur. Zekat puluny günä üçin sarp etjek ýa-da isrip etjek adamlara bermek dogry däldir.

Zekat kimlere berilmeýär?

Zekat berilmeýän adamlar şulardyr:

1. Eje, kaka, ene, atalar.

2. Perzentler we agtyklar.Erkek we gyz çagalaryna we olardan bolan agtyklara zekat berilmeýär.

3.Är-aýal biri-birlerine, ýagny adamsy aýalyna, aýaly-da adamsyna zekat bermeýär.

4.Baýlar, nisap hasabyna görä maly we puly bolan baýlara zekat berilmeýär.

Baý adamyň ýetginjeklik ýaşyna ýetmeýän kiçi çagasyna zekat berilmeýär. Ýöne bir barlynyň garyp bolan uly çagasyna we garyp bolan kakasyna başga biriniň zekat bermegi ýerliklidir.

5.Musulman bolmaýanlara zekat berilmeýär. Ýöne sadaka hökmünde berlip bilner. Zekat musulman bolan garybyň hakydyr.

6.Zekat metjit, çeşmedir guýy, ýol we köpri ýaly ýerlere hem berilmeýär. Çünki zekatda hususylyk şertdir. Başgaça aýdylanda,garybyň eline berlip, onuň şahsyýetine, mülkiýetine geçirmeklik zerurdyr. Metjit we şoňa meňzeşlerde bolsa beýle ýagdaý ýokdur. Öliniň kepeni we bergileri-de zekat görnüşinde ödelmeýär. Çünki bu ýerde-de hususyýetlik ýokdur.

Zekat bilen baglanyşykly meseleler

Mallardyr harytlaryň zekaty şol görnüşde berlip bilnişi ýaly, olaryň ornuna gymmatyndaky pul hem berlip bilner.

Zekaty birnäçe gezek garyp-gasara az-azdan bermekligiň ýerine, bir garyba tutuş görnüşde berip, ony mätäçlikden halas etmek has-da göwnejaýdyr. Ýöne bir garyba nisap mukdaryna ýetjek görnüşde köp zekat bermek mekrudyr.

Barly bir adam öýünde kireýine oturan bir garypdan puluny alman, ony zekat hasaplasa, zekatyny tölän görnüşinde kabul edilmeýär. Çünki zekatda harytdyr puluň garybyň eline berilmegi, hasabyna geçmegi şertdir. Bu ýerde bolsa, peýdalanma bar hem bolsa, aslynda garybyň eline geçen zat ýokdur.

Ýetime iýdirilýän nahar hem zekat hasaplanylmaýar. Ýöne özüne berlen nahardyr egin-eşikler zekat niýeti görnüşinde berilse, zekat ýerine geçýär. Baýramlarda we beýleki günlerde mätäç bolan hyzmatçylara we çagalara ýa-da bir buşluk habaryny getiren garyplara berlen sylag-serpaýlar zekat niýeti bilen berlip bilner.

Barly bolan adam bir garyba ilki karz pul berip, soňra ony zekat hasaplamakçy bolsa, karz beren puly garybyň elinde bolup, ony harjamadyk bolsa, beren puluny zekata niýet edip bilýär. Garyp puly sowan bolsa, onda onuň zekat hasaplanylmagy ýerlikli bolmaz.

Garypdaky algysyny zekat hasaplamak isleýän adam algysy çemesindäki puly garyba zekat görnüşinde berse, garyp hem alan puluny bergisini tölemek üçin algyla tabşyrar. Şeýle ýagdaýda barly zekatyny beren, garyp-da bergisini tölän hasaplanylýar.

Haram mal üçin zekat bermek hökman däl. Haram malyň (eger eýesi ýaşaýan bolsa) eýesine tabşyrylmagy, eger eýesi ýaşamaýan bolsa, onuň garyplara paýlanylmagy zerurdyr.

Halal bolan mala haram bolan zat garyşan bolsa, şeýle hem olary biri-birinden saýlamak mümkin bolmadyk halatynda hemmesiniň zekatyny bermek hökmanydyr.

Öýi bolmaýan bir adam öý almak üçin birikdiren nisap hasabynda bolan pulunyň üstünden bir sene geçip, henize çenli öý almadyk bolsa, bu puluň zekatyny bermäge mejbur bolar.

Zekat meselesinde zenana hem edil erkekler ýalydyr. Zenana eýe bolan nisap hasabyndaky altyn we kümşüň zekatyny bermegi zerurdyr. Altyndyr kümüşden başga hünji, merjen, zümerret we ýakut ýaly bezeg şaý- lardan we jöwherlerden zekat berilmeýär. Ýöne bular söwda-satlyk üçin niýetlenen bolsa, onda olaryň zekatlaryny bermek zerurdyr.

Bir adam aýalynyň beýleki adamsyndan bolan garyp çagalaryna zekat berip biler.

Berlen zekat yzyna gaýtarylyp alynmaýar.

Goýun sürüsine şärik bolan iki kişiniň 80 sany goýny bar bolsa, onda her biriniň paýyna 40 goýun ýetýändigi sebäpli, her biriniň bir goýun zekat bermegi zerurdyr.

Şärik bolan iki adamdan biri beýleki ýoldaşynyň rugsady bolmazdan, mallaryň barynyň zekatyny berse, onuň ödän zekaty diňe öz paýyna düşen malyň zekaty hasaplanylýar we onuň ýoldaşy hem puluny ödemegi zerurdyr. Çünki şärikler ybadat babatda beýlekiniň wekili hasaplanylmaýar.

Eger şäriklerden biri beýlekini zekat bermek babatda wekil etse, onuň ýoldaşy-da ähli dowaryň zekatyny berse, onda her biriniň zekaty tölenen hasaplanylýar.

Bir garybyň bergisini şol garybyň haýyşy boýunça başga biri zekatyna mahsus görnüşinde tölese, onda zekat ýerine geçýär. Çünki bu ýerde algyly adam bergili bolan garybyň wekili hökmünde zekatyny alýandyr. Bergili bolan garybyň haýyşy bolmazdan bergi tölense, onda ol zekat ýerine geçmeýär.

Nisap hasabynyň mukdarynda maly we puly bolan adam bularyň üstünden bir ýyl geçmezden öň zekatyny berip bilýär. Hatda birnäçe ýyllyk zekatyny öňünden bermegi hem ýerlikli hasaplanylýar. Ýöne maly we puly nisap mukdaryndan az bolsa, onda beren puly zekat ornuny tutmaz, sadaka bolar.

Garyp öýdülip zekat berlen adamyň soňra barly adamdygy bilinse, berlen zekat gaýtarylyp alynmaz.

Bir adam sorap-idäp garypdygyna göz ýetirip, oňa zekatyny bereninden soňra, şol zekat beren adamy barly bolup çyksa, zekatyny gaýtadan bermek hökman däldir. Eger sorap-idemän zekatyny berse, beren adamsyda barly bolup çyksa, onda zekatyny gaýtadan bermegi zerurdyr.

Bir adam başga birindäki algysyny elindäki malyň zekatyna goşup bir garyba berse we şol adamdan ony almaklygy haýyş etse, onda garybyň alan bu pul şol adamyň zekatynyň ýerine geçýär.

Zekat borjy bolan adam zekatyny bermänkä aradan çyksa, onda niýet bolmadygy üçin malyndan zekat alynmaýar. Ýöne wesiýet eden bolsa, onda malynyň üçden biri tölenilýär.